«Köňül ýola rowandyr...»

18 sagat öň
40

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny dünýä dillerine terjime eden daşary ýurtly şahyrlar, terjimeçiler barada gürrüň edilende, Hindistanyň Jemgyýetçilik ylymlary mekdebiniň dekany, professor Nasim Ahmad Şahyň ady biygtyýar seriňe dolýar. Nasim Ahmad Şah 2014 — 2017-nji ýyllarda Hindistanyň Kaşmir uniwersitetiniň Yslamy öwreniş institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi.

Biz Nasim Ahmad Şah bilen iki gezek duşuşdyk. Birinji gezek 2014-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly maslahatyň çäginde onuň bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ol maslahatda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şu günki günde ähmiýeti» diýen temadan çykyş etdi. Sypaýylygy hem-de medeniýetliligi bilen biziň ünsümizi çeken alym maslahata akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň urdu dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny sowgat alyp gelendigini gürrüň berdi. Bu, sözüň doly manysynda, diňe maslahata gatnaşan ildeşlerimiz üçin däl-de, eýsem, dana Pyragynyň döredijiligini uludan sarpalaýan beýleki halklaryň wekilleri üçinem buýsançly waka bolupdy. 2014-nji ýylda Nasim Ahmad Şah türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny urdu diline terjime etmekde bitiren hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragy» ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Meretgylyç ÝAGMYROW,
žurnalist.