Arassa suw — saglygyň sakasy

1 gün öň
40

Şanly Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri barada oýlananyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gysga wagtda gurlan agyz suwuny arassalaýjy desgalar hem göz öňüňde janlanýar. Ynsan saglygynyň esasy diregi we bedenimiziň iň köp talap edýän arassa agyz suwy ynsana ýaşaýyş üçin howadan soňky zerurlyk hasaplanýar. Bu hakykata hemmeden gowy düşünýän Gahryman Arkadagymyz agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň ençemesini gurduryp berdi. Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki Agyz suwy müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasy hem şolaryň biridir. Her gije-gündizde 50 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan bu desganyň açylyşyna 2015-nji ýylda Milli Liderimiziň özi gatnaşyp, arassalanan suwdan dadyp görmek bilen, onuň hiline ýokary baha beripdi. Ine, şol günden bäri bu möhüm desga Magdanly şäheriniň we Köýtendag etrabynyň ilatyny süýji suw bilen begendirip gelýär.

— Mukry şäherçesiniň golaýynda, Amyderýanyň kenarynda gurlan bu desga häzirki zamanyň ösen tilsimatlary bilen üpjün edilen. Onda ähli işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Amyderýanyň läbik suwy doly arassalanýança, birnäçe bölümleriň, süzüjileriň üstünden geçýär. Suwy arassalamak işine himiki we fiziki jisimleriň birnäçesi gatnaşýar. Arassalanmaly suw, ilki bilen, sygymy 500 müň kub metrlik çökdüriji howdana gelýär. Bu ýerde suw bilen baglanyşykly ähli işler ýerine ýetirilensoň, arassalanan suw dury görnüşde 1-nji göteriji beketde howalandyrylýar, ýagny kaskad kislorod bilen baýlaşdyrylýar. Şundan soň suwuň düzüminde galýan käbir zyýanly serişdeleri ýok etmek üçin ol hlorlanýar we şundan soňky barlaglar ýörite barlaghanalarda dowam edýär. Ýörite barlaghanalarda suwuň bakteriologik düzümine baha berilýär. Şunda ähli görkezijiler dünýä talaplaryna laýyk gelýän derejede ýerine ýetirilýär. Sebäbi suwa goşulýan alýuminiý sulfaty, koagulýant öz täsirini ýetirýänçä zerur bellenilen wagt hem bar. Işiň soňunda suwa polielektrolitler goşulyp, onuň düzümindäki agyr metallar aşak çökdürilýär — diýip, suw arassalaýjy desganyň ýolbaşçysy Nurbaý Abdyreýimow bizi bu ýerdäki alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).