Belent sepgitleri nazarlap

18 sagat öň
21

Düýn Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine hem-de geljekki iri halkara we döwlet çärelerine görülýän taýýarlyk işlerine, gender deňligi boýunça döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanyp, «Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty beýgelýär» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Merkezi bankyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de käbir ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar ilki bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda milli gymmatlyklarymyzy, türkmen tebigatyny, owadan binalarymyzy şekillendirýän dürli sungat we zergärçilik eserleri ýerleşdirilipdir. Sergidäki eksponatlar barada Merkezi bankyň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Bägül Çerkezowa:

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan».