Ýol asuda — il abadan

18 Sentýabr 2024
459

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri», «Ýolyşyk — biziň dostumyz!», «Ýaşyl yşyk» ýaly bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Biraýlygyň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, ýolyşygyň düzgünleridir ähmiýetini açyp görkezýän dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe esasy ugry özüne birikdirýär. Ýerüsti ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça we ýol hojalygynda işi düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri babatda bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek hem-de tassyklamak, bu babatdaky çäreleri maddy-tehniki, maliýe taýdan üpjün etmek, ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, raýatlara ýol hereketiniň kadalaryny hem-de talaplaryny öwretmegi guramak hökmanydyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek, howpsuzlyk bilen baglanyşykly işi ygtyýarlylandyrmak ýaly ýagdaýlar-da göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy.