Milli döwletliligiň daýanjy

1 gün öň
51

Il bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär. Onuň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletiň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmegiň, wezipeleri anyk kesgitlemegiň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Halk Maslahaty adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda tabşyryklary berdi. Şoňa laýyklykda, mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Karar kabul edildi.

Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, bagtyýar ýaşaýşy üpjün etmekde Halk Maslahatynyň işi wajyp ähmiýete eýedir. Çünki ol jemgyýetçilik gurluşynyň gadymy däplerini döwrebap röwüşde dowam etdirýän, halkyň bähbitlerini nazarlaýan ýokary wekilçilikli edaradyr. Esasy Kanunymyzyň 3-nji maddasyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär, şeýle hem halk öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halk Maslahatynyň esasy wezipeleri jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlere jemlemäge gönükdirilendir.

Gülälek HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň bölüm müdiri.