«Nygmat bardyr näçe diýseň...»
Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Welaýatyň köpugurly we beýleki bazarlarynda, söwda merkezlerinde hem welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigine, hususy pudaga degişli dükanlarda ir ertirden giç agşama çenli gyzgalaňly baýramçylyk söwdasy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döredilen bazar bolçulygy ildeşlerimize baýramçylyk saçaklaryny giňden ýazyp, olaryň üstüni naz-nygmatdan, gök-bakja, datly miweler hem-de dürli görnüşli azyk önümleridir senagat harytlary bilen gelşikli edip bezemäge giň mümkinçilik berýär. Ilata hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň, oba hojalyk önümleriniň hut öz ýurdumyzda öndürilip, olaryň ekologik taýdan arassa, ýokary hilli bolmagy baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýar. Daýhanlarymyzdyr telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen oba hojalyk önümleri, banandyr beýleki miweler özüniň terligi, tagamlylygy bilen tapawutlansa, sebetlerde we owadan gaplarda ýerleşdirilen senagat harytlary köp görnüşliligi we amatly bahasy bilen alyjylaryň ünsüni özüne çekýär.