"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Topragy dermandyr, howasy şypa

Her bir ýurduň ösümlikleriniň, ot-çöpleriniň, ozaly bilen, şol ýurduň adamlarynyň saglygy üçin dermanlyk, melhemlik serişdedigi barada öňden aýdylyp gelnen parasatly jümleler bar. Bu babatda biziň sahawata baý türkmen topragymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda iň ähmiýetli orun eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllyk lukmançylyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde howasy hem dertlere şypa bolan türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň, ot-çöpleriň her biriniň dermanlyk häsiýeti, olary ýygmagyň döwürleri, olardan dermanlyk serişdeleri taýýarlamagyň ugurlary barada ylmy-lukmançylyk nukdaýnazarlara esaslanýar we her bir okyjy üçin sada, düşnükli dilde gürrüň berilýär.

Täzelik

Welaýat kitaphanasynda «Şygyrlaryň köňülleriň çyragy, döwrümize gel seýrana, Pyragy!» diýen at bilen dabara geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäräni Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde guradylar. Oňa partiýanyň işjeň agzalary, döredijilik işgärleri, kitaphanaçylar, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasy, onuň dürdäne şygyrlarynyň ýaş nesli millilik, watansöýüjilik, lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, şu günler welaýatymyzda akyldar şahyrymyzyň ýubileý dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda hem durlup geçildi. Dabara mahalynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan bentler labyzly okaldy.

Milli mirasymyz dünýä ýaýylýar

Mähriban halkymyz milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, edebi gymmatlyklarymyza örän uly sarpa goýýar. Asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz taraşlanyp, sünnälenip dünýä gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun alýar. «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy halkymyzyň ebedi mirasyna goýulýan sarpadan aýdyň nyşandyr.

Nepis sungat — zemine zynat

Gölleri Güneş deý owadan we nepis türkmen halysy — gözelligiň, ajaýyplygyň taýsyz nusgasy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri, köňül nagşy bolan halylarymyzy synlanyňda, kalbyň ýakymly duýgulardan dolýar. Biziň lowurdap duran halylarymyz tutuş dünýä medeniýetinde iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär» diýip belleýşi ýaly, köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, türkmen halkynyň gelin-gyzlarynyň pähim-paýhasyna, mähir-muhabbetine ýugrulan kämil döredijiligi taryhyň gatbar-gatbar setirlerinden eriş-argaç bolup geçipdir. Haly sungaty gadymy hem müdimi milli medeniýetimizden biziň günlerimize çenli nesilden-nesle geçirilip gelnen gözelligiň we sazlaşygyň özboluşly şöhlelenmesidir. Türkmen zenanlarynyň mähir-yhlasyndan kemala gelip, olaryň on barmagynyň hünäri gözel zynaty, nepisligi bilen köpleri haýran galdyran türkmen halysy kämilligiň, aňrybaş sazlaşygyň ruhy sütüni bolup, parahatçylygyň,  agzybirligiň, bagtyýarlygyň we çuň dünýägaraýşyň dabaralanmasydyr. «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň halk çeper döredijiliginiň dikeldilmeginiň, aýalyp saklanylmagynyň, ösdürilmeginiň we goldanylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Bu Kanunyň 9-njy maddasyna laýyklykda, halyçylyk — halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşidir.

Magtymguly — milletimiziň milli buýsanjy

Magtymguly Pyragynyň umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gymmatly mirasyny saklamak, öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler täze-täze üstünliklere beslenýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň 10 — 24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen 216-njy mejlisinden gelip gowşan hoş habar hem aýdyň tassyklaýar. Bu hoş habarda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi beýan edilýär. Şeýle-de bu mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Ukrainanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Mert ýigidiň syrdaşy

Türkmen halky bedew aty mert ýigidiň ýoldaşy, syrdaşy we gardaşy hasaplaýar. Müňýyllyklaryň dowamynda özüniň ýelden ýüwrükligi, duýgurlygy, çydamlylygy, reňkiniň öwüşginliligi, beden gurluşynyň özboluşlylygy, akyllylygy hem-de ajaýyp gözelligi bilen dünýäni haýrana goýup gelýän ahalteke bedewi hormatly Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýeňişleriň ýarany, ýigidiň myrady, wepaly ýoldaşy we bagtyň alamatydyr. Ady rowaýata öwrülen türkmen ahalteke bedewlerine bolan söýgi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymyýetiň altyn sahypalarynda ahalteke bedewlerini türkmen halky göz guwanjyna deňeýär. Müňýyllyklary öz içine alýan taryhyň gatbar-gatbar sahypalarynda türkmen bedewi wepadarlygy, duýgurlygy, ýyndamlygy, gözelligi bilen älem-jahany haýrana goýupdyr. Eýesiniň gamly güni gardaşy, syrly güni syrdaşy bolan bedewi türkmenler ýokary gymmatlyk hökmünde mertebeläp, onuň idegini bolsa özüne siňdirýän yhlasyndan hem artyk edipdirler. Şeýle yhlas siňdirilip, kämillige ýetirilen ahalteke bedewlerine şalar, soltanlar aşyk bolupdyrlar.

Nesil terbiýesi, miras-edep çeşmesi

Şu gün - 1-nji iýunda öz manyly ömrüni halkymyzyň saglygyny goramaga bagyş eden professor Remezan Joraýewiň öý muzeýiniň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzda geçirilen dabara teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň döredijilik işgärlerinden wekiller, şeýle-de ýazyjy-şahyrlar gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, şol sanda muzeý işiniň hem ösdürilmegi ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Şahsy öý muzeýleriniň döredilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Remezan Joraýewiň öý muzeýi syrlar kitabyny ýada salýar. Ol syr muzeýdäki suratlaryň, kitaplaryň üsti bilen açylyp, professoryň manyly ömri we döredijiligi köpçülige aýan bolýar.

Täze öý muzeýi

Ömrüni Watana, il-güne we saglygy goraýşa bagyşlan professor Remezan Joraýew halkyň içinde iň bir sylagly adamlaryň biri. Munuň şeýledigine täze açylan öý muzeýinde onuň adyna aýdylan ýürek sözleri hem doly şaýatlyk etdi. Mermer paýtagtymyzyň iň bir gözel ýerleriniň birinde açylan bu öý muzeýi özüniň milliligimizi şöhlelendirýän bezeglere, gymmatly kitaplara we geçmişi özünde jemleýän fotosuratlara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şol kitaplaryň arasynda professor lukmanyň öz eli bilen ýazyp, halkyň söýgüsine mynasyp bolan «Çarhypelek», «Nesilnama» ýaly ylmy-publisistik eserleriniň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Çünki olar nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir.

Akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy dünýä hakydasynda

Magtymguly Pyragy çuňňur pelsepä, pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrdyr. Onuň dürdäne şygyrlary diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde aýratyn kitap edilip çap edildi. Bu neşirler edebiýat muşdaklary tarapyndan uly höwes bilen okalýar. Häzirki wagtda nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny içgin öwrenmek we ony geljekki nesillere ýetirmek boýunça halkara möçberinde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Muňa şu ýylyň 10—24-nji maýy aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu abraýly guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çüzgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Şonuň ýaly-da şol mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024—2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Özbegistanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Gözelligiň nusgasy

Tawusyň şekili Gündogaryň sungatynda giňden ýaýran keşpleriň biridir. Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine ser salanymyzda, bu guşuň tarypy kemsiz ýetirilipdir. Gelin-gyzlaryň bezemenligi tawus guşa meňzedilipdir. Bu owadan guş köp halklarda gözelligiň, mertebeliligiň nyşany saýylypdyr.

Dünýä medeniýetiniň hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki günlerde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň hatarynda kilimi hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak babatda degişli işleriň alnyp barylmagy bizi örän begendirýär. Amaly-haşam sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýan kilim dokmaçylygy giňden meşhurdyr. Kilim dokamak üçin goýnuň ýüňünden we geçiniň çöpürinden peýdalanylýar. Saryja goýunlaryň ýaz ýüňüniň süýümi uzyn bolýar. Şonuň üçin şeýle ýüňler kilimiň berk, öwüşginli bolmagyna täsir edýär.

Daşlaryň täsinlikleri

Gündogaryň meşhur söz ussady Omar Haýýamyň döredijiliginde: «Sadapda durlanan damja dür bolar». «Daş» diýmäňler, ol — Zeminiň ahwaly»

Milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» atly ugurlaryň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktorynyň degişli sertifikatlary gowşurmagy hem guwandyryjy waka boldy. Milli geýimlerde esasy orun eýeleýän keşdeçilik sungaty türkmeniň naýbaşy gymmatlygydyr. Çeper elli zenanlarymyz bu el hünäriniň tilsimlerini içgin öwrenip, inçe işi has-da kämilleşdiripdir. Türkmen milli keşdelerinde halkyň özboluşly ruhy medeniýeti, çeperçilik we döredijilik gözlegleri, baý dünýägaraýşy öz beýanyny tapypdyr. Ol türkmen halkynyň geýinmek hem-de geýimleri bezemek medeniýetini aýdyň beýan edýän sungat.Keşdeçilik sungatyny kesp-kär edinen gelin-gyzlar, tebigatyň gözelliginden ylham alyp, nagyşlaryň täsin nusgalaryny döretmegi başarypdyr.

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp

Edebi miras halkyň ruhy baýlygy hasaplanylýar. Şeýle bolansoň ýurdumyzda bu günki gün edebi mirasy öwrenmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömür ýoluny we edebi döredijiligini giňden öwrenmek ýaly asylly işler dowam etdirilýär hem-de giň köpçülige wagyz edilýär. Munuň özi, Gündogaryň akyldar şahyrynyň bütin adamzada ähmiýetli şahyrana pikirleriniň nesilleriň aňyna ýetmegi babatda alnyp barylýan döwletli işleriň giň gerime eýedigini ýene bir gezek äşgär edýär. Ýakynda toýlary toýlara ulaşýan ýurdumyza Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyndan (ÝUNESKO) hoş habar gelip gowuşmagy il-günümiziň başyny göge ýetirdi. «Türkmendöwlethabarlarynyň» teswirinde beýan edilişi ýaly, şu ýylyň 10–24-nji maýy aralygynda bu düzümiň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Şeýle hem mejlisde goldanylan teklipleriň hatarynda Watanymyzyň başlangyjy hem-de birnäçe döwletleriň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Pyragynyň golýazmalary — dünýä hakydasynda

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň gymmatly mirasy bolup, nesillerden-nesillere geçip gelýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli mirasymyzy öwrenmek, olary dünýä halklarynyň arasynda tanatmak babatda uly işler durmuşa geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän medeni diplomatiýanyň üstünliklere beslenýändigi, görnükli nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, wagyz etmek, aýap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň üstünliklere beslenýändigi örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Ine, 10 — 24-nji maý aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habar halkymyzy begendirdi. Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawynda orun almagy beýik söz ussadynyň gymmatly mirasynyň has-da giňden öwrenilmegine, şahyryň döredijiliginiň üsti bilen, türkmen halkynyň milli, edebi gymmatlyklarynyň has çuňňur tanalmagyna ýardam berer. TÜRKSOÝ guramasynyň medeniýet ministrleriniň hemiş

Behişdi bedewler

Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri hem-de atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Ahalteke bedewlerimiz bu gün ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň nyşanyna öwrüldi. Pähimdar ata-babalarymyz bedew atlara bolan söýgüsini goşgulardyr gazallara, nakyllara siňdiripdir. «Bedew at menzil keser», «Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «At dosty — ata dosty», «At ýigidiň ganaty» ýaly nakyllar dilden dile geçip, bedew atlaryň waspyny ýetiripdir.

Taryhy muzeýler bilen tanyşlyk

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähran şäherindäki «Saadabad» taryhy-medeni desgalar toplumyndaky Gajarlar dinastiýasyna degişli bolan "Şahwand" köşgüne, Farşçian adyndaky çeperçilik muzeýine, şeýle-de Reza Pehlewi şanyň rezidensiýasy bolan Millat muzeýine baryp gördi. Dünýä syýahatçylarynyň gelim-gidimli ýeri bolan bu taryhy-medeni desgalar toplumynda hormatly myhman gadyrly garşy alyndy. Eýranyň milli gymmatlyklarynyň toplumy gadymy geçmişden ýadygär hökmünde özboluşly taryhy şäherçäni ýada salýar. Ol milli muzeýleriň we köşkleriň başga-da birnäçesini özüne birleşdirýär. Hormatly myhmana milli gymmatlyklaryň döreýiş taryhyna degişli eksponatlar barada giňişleýin gürrüň berildi. Dostlukly ýurduň geçmiş taryhy, medeni gymmatlyklary türkmen wekiliýetinde uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen halysy — türkmeniň ykbaly

28-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň «Türkmen halysy — türkmeniň kalby» atly ХХIII mejlisi geçirildi.

Keş­däm - gadymy hünärim

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üsti ýetirilip, ÝUNESKO-nyň wekili tarapyndan ýurdumyza «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly medeni mirasymyza degişli güwanama gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli mirasyny çuňňur öwrenmek, ony aýap saklamak, giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere häzirki döwürde uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň däp-dessurlary, döreden milli gymmatlyklary, dünýä nusgalyk sungaty ylmy taýdan öwrenilýär we olaryň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär.

Ýüpekçilik – senet

Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize ýetirilen özboluşly däp-dessurlarymyzy, sungatymyzyň dürli görnüşlerini ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler umumadamzat medeniýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen, «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» maddy däl medeni mirasymyzyň görnüşleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna , bu barada hormatly Prezidentimize degişli güwanama gowşuryldy. Türkmen halkynyň iň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden dürli matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, şeýle-de bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilipdir. Ýüpekden ajaýyp halylarydyr matalary dokamagyň ygtybarly usullary döredilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan bu ajaýyp senet iňňän girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar.