Keş­däm - gadymy hünärim

29 Maý 2023
605

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üsti ýetirilip, ÝUNESKO-nyň wekili tarapyndan ýurdumyza «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly medeni mirasymyza degişli güwanama gowşuryldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şöhratly ata-babalarymyzyň döreden milli mirasyny çuňňur öwrenmek, ony aýap saklamak, giňden wagyz etmek we geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere häzirki döwürde uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň däp-dessurlary, döreden milli gymmatlyklary, dünýä nusgalyk sungaty ylmy taýdan öwrenilýär we olaryň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär.

Oguljemal ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy.