Akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy dünýä hakydasynda

31 Maý 2023
619

Magtymguly Pyragy çuňňur pelsepä, pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen dünýä edebiýatynda öçmejek yz galdyran akyldar şahyrdyr. Onuň dürdäne şygyrlary diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde aýratyn kitap edilip çap edildi. Bu neşirler edebiýat muşdaklary tarapyndan uly höwes bilen okalýar. Häzirki wagtda nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny içgin öwrenmek we ony geljekki nesillere ýetirmek boýunça halkara möçberinde giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Muňa şu ýylyň 10—24-nji maýy aralygynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu abraýly guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna girizmek hakyndaky çüzgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen güwä geçýär. Şonuň ýaly-da şol mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024—2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklip goldanyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Azerbaýjanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Ukrainanyň we Özbegistanyň goldaw bermeginde ÝUNESKO-nyň Şanly seneler sanawyna dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygyny goşmak hakyndaky teklip hem bar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.