Milli gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň abraýly sanawynda

30 Maý 2023
647

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» atly ugurlaryň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň bilen baglylykda, ýakynda hormatly Prezidentimize ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktorynyň degişli sertifikatlary gowşurmagy hem guwandyryjy waka boldy.

Milli geýimlerde esasy orun eýeleýän keşdeçilik sungaty türkmeniň naýbaşy gymmatlygydyr. Çeper elli zenanlarymyz bu el hünäriniň tilsimlerini içgin öwrenip, inçe işi has-da kämilleşdiripdir. Türkmen milli keşdelerinde halkyň özboluşly ruhy medeniýeti, çeperçilik we döredijilik gözlegleri, baý dünýägaraýşy öz beýanyny tapypdyr. Ol türkmen halkynyň geýinmek hem-de geýimleri bezemek medeniýetini aýdyň beýan edýän sungat.Keşdeçilik sungatyny kesp-kär edinen gelin-gyzlar, tebigatyň gözelliginden ylham alyp, nagyşlaryň täsin nusgalaryny döretmegi başarypdyr.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, žurnalist.