Dünýä medeniýetiniň hazynasy

31 Maý 2023
463

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki günlerde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň hatarynda kilimi hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak babatda degişli işleriň alnyp barylmagy bizi örän begendirýär.

Amaly-haşam sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hasaplanylýan kilim dokmaçylygy giňden meşhurdyr. Kilim dokamak üçin goýnuň ýüňünden we geçiniň çöpürinden peýdalanylýar. Saryja goýunlaryň ýaz ýüňüniň süýümi uzyn bolýar. Şonuň üçin şeýle ýüňler kilimiň berk, öwüşginli bolmagyna täsir edýär.

Maýagözel ÝAZKULYÝEWA,
Saýat etrabynyň çagalar-ýetginjekler we döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy.