Mert ýigidiň syrdaşy

1 Iýun 2023
620

Türkmen halky bedew aty mert ýigidiň ýoldaşy, syrdaşy we gardaşy hasaplaýar. Müňýyllyklaryň dowamynda özüniň ýelden ýüwrükligi, duýgurlygy, çydamlylygy, reňkiniň öwüşginliligi, beden gurluşynyň özboluşlylygy, akyllylygy hem-de ajaýyp gözelligi bilen dünýäni haýrana goýup gelýän ahalteke bedewi hormatly Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýeňişleriň ýarany, ýigidiň myrady, wepaly ýoldaşy we bagtyň alamatydyr.

Ady rowaýata öwrülen türkmen ahalteke bedewlerine bolan söýgi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymyýetiň altyn sahypalarynda ahalteke bedewlerini türkmen halky göz guwanjyna deňeýär. Müňýyllyklary öz içine alýan taryhyň gatbar-gatbar sahypalarynda türkmen bedewi wepadarlygy, duýgurlygy, ýyndamlygy, gözelligi bilen älem-jahany haýrana goýupdyr. Eýesiniň gamly güni gardaşy, syrly güni syrdaşy bolan bedewi türkmenler ýokary gymmatlyk hökmünde mertebeläp, onuň idegini bolsa özüne siňdirýän yhlasyndan hem artyk edipdirler. Şeýle yhlas siňdirilip, kämillige ýetirilen ahalteke bedewlerine şalar, soltanlar aşyk bolupdyrlar.

Nazarmämmet BÄBIŞOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, maýor.