Topragy dermandyr, howasy şypa

6 Iýun 2023
441

Her bir ýurduň ösümlikleriniň, ot-çöpleriniň, ozaly bilen, şol ýurduň adamlarynyň saglygy üçin dermanlyk, melhemlik serişdedigi barada öňden aýdylyp gelnen parasatly jümleler bar. Bu babatda biziň sahawata baý türkmen topragymyz dünýä ýurtlarynyň arasynda iň ähmiýetli orun eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň köp ýyllyk lukmançylyk ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki işinde howasy hem dertlere şypa bolan türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň, ot-çöpleriň her biriniň dermanlyk häsiýeti, olary ýygmagyň döwürleri, olardan dermanlyk serişdeleri taýýarlamagyň ugurlary barada ylmy-lukmançylyk nukdaýnazarlara esaslanýar we her bir okyjy üçin sada, düşnükli dilde gürrüň berilýär.

Selbi JUMAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasynyň assistenti.