Ýüpekçilik – senet

29 Maý 2023
580

Asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize ýetirilen özboluşly däp-dessurlarymyzy, sungatymyzyň dürli görnüşlerini ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler umumadamzat medeniýetiniň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen, «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» maddy däl medeni mirasymyzyň görnüşleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna , bu barada hormatly Prezidentimize degişli güwanama gowşuryldy.

Türkmen halkynyň iň gadymy senetleriniň biri bolan ýüpekçilik öz gözbaşyny taryhyň irki döwürlerinden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müňlerçe ýyl mundan ozal ýüpek süýümlerinden dürli matalary öndürmek üçin pile önümçiligini ýola goýupdyrlar, şeýle-de bu ugurda ýokary ussatlyga we kämillige ýetipdirler. Ýüpekçilik işiniň milli däpleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesilden-nesle geçirilipdir. Ýüpekden ajaýyp halylarydyr matalary dokamagyň ygtybarly usullary döredilip, biziň günlerimize ýetirilipdir. Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan bu ajaýyp senet iňňän girdejili pudaklaryň biri hasaplanylýar.

Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Diýar».