Taryhy muzeýler bilen tanyşlyk

30 Maý 2023
880

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Tähran şäherindäki «Saadabad» taryhy-medeni desgalar toplumyndaky Gajarlar dinastiýasyna degişli bolan "Şahwand" köşgüne, Farşçian adyndaky çeperçilik muzeýine, şeýle-de Reza Pehlewi şanyň rezidensiýasy bolan Millat muzeýine baryp gördi. Dünýä syýahatçylarynyň gelim-gidimli ýeri bolan bu taryhy-medeni desgalar toplumynda hormatly myhman gadyrly garşy alyndy.

Eýranyň milli gymmatlyklarynyň toplumy gadymy geçmişden ýadygär hökmünde özboluşly taryhy şäherçäni ýada salýar. Ol milli muzeýleriň we köşkleriň başga-da birnäçesini özüne birleşdirýär. Hormatly myhmana milli gymmatlyklaryň döreýiş taryhyna degişli eksponatlar barada giňişleýin gürrüň berildi. Dostlukly ýurduň geçmiş taryhy, medeni gymmatlyklary türkmen wekiliýetinde uly gyzyklanma döretdi.

«Zenan kalby».