Täze öý muzeýi

1 Iýun 2023
579

Ömrüni Watana, il-güne we saglygy goraýşa bagyşlan professor Remezan Joraýew halkyň içinde iň bir sylagly adamlaryň biri. Munuň şeýledigine täze açylan öý muzeýinde onuň adyna aýdylan ýürek sözleri hem doly şaýatlyk etdi.

Mermer paýtagtymyzyň iň bir gözel ýerleriniň birinde açylan bu öý muzeýi özüniň milliligimizi şöhlelendirýän bezeglere, gymmatly kitaplara we geçmişi özünde jemleýän fotosuratlara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şol kitaplaryň arasynda professor lukmanyň öz eli bilen ýazyp, halkyň söýgüsine mynasyp bolan «Çarhypelek», «Nesilnama» ýaly ylmy-publisistik eserleriniň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Çünki olar nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir.

Ýörite habarçymyz.