Behişdi bedewler

30 Maý 2023
567

Türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidir. Şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri hem-de atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Ahalteke bedewlerimiz bu gün ýurdumyzyň ösüşleriniň belent depgininiň, asylly ýol-ýörelgeleriniň we mukaddes maksatlarynyň nyşanyna öwrüldi.

Pähimdar ata-babalarymyz bedew atlara bolan söýgüsini goşgulardyr gazallara, nakyllara siňdiripdir. «Bedew at menzil keser», «Batyr aty bilen batyr, at batyry bilen at», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «At dosty — ata dosty», «At ýigidiň ganaty» ýaly nakyllar dilden dile geçip, bedew atlaryň waspyny ýetiripdir.

Aşyrmämmet DOSSYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.