Milli mirasymyz dünýä ýaýylýar

5 Iýun 2023
566

Mähriban halkymyz milli medeniýetimize, sungatymyza, edebiýatymyza, edebi gymmatlyklarymyza örän uly sarpa goýýar. Asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli mirasymyz taraşlanyp, sünnälenip dünýä gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun alýar.

«Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy halkymyzyň ebedi mirasyna goýulýan sarpadan aýdyň nyşandyr.

Bilbil ÇARYÝAROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.