Täzelik

6 Iýun 2023
509

Welaýat kitaphanasynda «Şygyrlaryň köňülleriň çyragy, döwrümize gel seýrana, Pyragy!» diýen at bilen dabara geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäräni Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde guradylar. Oňa partiýanyň işjeň agzalary, döredijilik işgärleri, kitaphanaçylar, şäherimizdäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasy, onuň dürdäne şygyrlarynyň ýaş nesli millilik, watansöýüjilik, lebzihalallyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, şu günler welaýatymyzda akyldar şahyrymyzyň ýubileý dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda hem durlup geçildi. Dabara mahalynda Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan bentler labyzly okaldy.