"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Mekgejöwen silosyny taýýarlamagyň we saklamagyň netijeli usuly

«Malym — janym» diýýän çarwa ata-babalarymyz mallary, dowarlary ýyly we dok gyşlatmak üçin öňünden alada edip, ot-iýmlik gorlaryny döredipdirler. Bu däp biziň şu günlerimizde hem dowam etdirilýär. «Oty köpüň – maly dok» diýen pähime uýýan maldarlarymyzyň alyp barýan işleri hem muny aňryýany bilen tassyklaýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Şol toplumlaryň ählisinde mallaryň güýz-gyş döwründe talabalaýyk idedilmegini üpjün etmek maksady bilen, silosyň we senažyň ýeterlik mukdary taýýarlanylýar.

“Yhlas bile bir kämile gol beren...”

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleri Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda maksatnamalaýyn, netijeli gözlegleri alyp barýarlar. Olar gowaçanyň ýurdumyzyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly täze sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrýarlar. Merkeziň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Rejepmyrat Berdimyradow öz manyly ömründe zähmet ýolunyň 58 ýylyny gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bilen bagly işlere bagyşlan halypa alymlaryň biridir. Ol Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Çarlakýap obasynda önüp-ösýär. Şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutyna (häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) okuwa girýär we onuň agronomçylyk bölümini üstünlikli tamamlaýar. Ýaş hünärmen 1964-nji ýylda Ýolöten seleksiýa stansiýasynda ylmy işgär bolup işe başlaýar.

Mag­tym­gu­ly­ny öw­re­niş yl­my­nyň us­sa­dy

(«Al­nym­da Mag­tym­gu­ly» ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan.) Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni çuň­ňur we her ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek, yl­my esas­da der­ňe­mek, bu ugur­da alym­la­ryň bi­ti­ren iş­le­ri­ne na­zar sal­mak mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Ýurdumyzda ýene-de bir elektron žurnal dörediler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän düýpli we amaly taýdan ähmiýetli ylmy barlaglar, “Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary” atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda oba hojalygy, lukmançylyk, derman, azyk we himiýa senagatlary, ekologiýa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ýaly ileri tutulýan ugurlarda ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Hünärli, bilimli ýaşlar kemala gelýär

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol syýasatyň esasynda döwletimizde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, iň kämil tehnologiýalary ulgama giňden ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynda hem işine ökde, kämil hünärmenleri taýýarlamak, pudagyň ösüşlerini has ýokary derejelere ýetirmek, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmek, amatly iş şertlerini döretmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu babatda mekdebimizde-de döwrebap işler ýola goýulýar, jemi on sekiz hünär boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Olaryň aglaba bölegi nebitgaz pudagy boýunça ýörite hünärlerdir. Mekdebimiziň döwrebap kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda talyplara internet ulgamyndan peýdalanmaklyga mümkinçilik döredildi. Talyplar okuwdan boş wagtlarynda dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Bu bolsa bizi diýseň begendirýär.

Gahryman şahyr bilen döredijilik duşuşygy

Düýn Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Talyp ýaşlar bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda şahyr institutda döredilen Gahrymanlaryň döredijilik otagy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, bu otag şu ýylyň iýun aýynda baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçiren Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda döredildi. Döredijilik otagynda institutyň uçurymlary — Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewa we Çynar Rüstemowa bilen bagly gymmatlyklaryň uly toplumy jemlenildi.

Magdan ýataklarynyň barlanyş derejesiniň çykdajylara täsiri

Magdan ýataklarynyň gorlarynyň barlanyş derejesine baglylykda, olary ulanmagyň netijeleri örän düýpli tapawutlanýar. Magdan gorlary näçe takyk barlanylan we öwrenilen bolsa, şonça-da şahtanyň önümçilik kuwwatyny, dag işleriniň tehnologiýasyny saýlap almak boýunça ýalňyşlyklar az hem-de magdany gazyp almak we gaýtadan işlemek üçin çykdajylar pes bolýar. Emma geologiýa-barlag işleriniň takyklygyny ýokarlandyrmak barlag işleri üçin çykdajylaryň artdyrylmagyny talap edýär. Meselem: C2 derejeli gorlary A+B derejelere ýa-da C1 derejä geçirmek üçin geologiýa-barlag işlerine çykarylýan çykdajylary birnäçe esse artdyrmaly bolýar. Geologiýa-barlag işleriniň häzirki bar bolan ugrukdyryjy görkezmeler bilen şertlendirilýän gorlar baradaky ýeterliksiz takyklykdaky maglumatlary zerarly magdan ýatagy özleşdirilýän döwründe serişdeleriň aşa sarp edilmegine, ýer jümmüşiniň nädogry ulanylmagyna getirýär, ýagny magdanlar toplumlaýyn doly özleşdirilmeýär. Bu aşa çykdajylar, meselem, çylşyrymly magdan ýataklarynda känleriň we baýlaşdyryjy fabrikleriň gurluşygy üçin maýa goýumlaryň tas ýarysyna ýetýär. Şonuň bilen baglylykda, geologik barlagda we özleşdirmekde bir wagtda esaslandyrylmadyk köp sanly magdanyň ýüze çykmalary bolup bilýär we tebigy obýektleriň mukdar sany ýazylýar. Dag-magdan senagatynyň dürli kärhanalarynda gazylyp alynýan baýlyklaryň ýataklaryny barlamak we özleşdirmek toplumlaryň tehn

Möhüm ähmiýetli çäre

Şu gün, ýagny 31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinde edilen ylmy açyşlara bagyşlanan çäre geçirdi. Onda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň ylmy işgäri Nadežda Anatolýewna Dubowa talyp ýaşlaryň öňünde okuw sapagy bilen çykyş etdi. Alym zenanyň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň alymlarynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki türkmen-rus ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edýändigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi onuň ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikleri boýunça ylmy açyşlary etmekde uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar.

Tehnologiýalar merkezi: döwrebap tejribeler we innowasiýa hyzmatdaşlygy

28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Ylmy parklaryň we innowasion meýdançalaryň halkara assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilendigi habar berlip, merkeziň binýadynda «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Munuň özi Tehnologiýalar merkezinde düýpli ylmy barlaglary alyp barmak işini höweslendirmekde, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini türkmen ylmynyň gazananlary we innowasion işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdyrmakda täze üstünliklere badalga berýän möhüm ädimdir.

Häzirki zaman lukmançylygy: ugurlar hem-de usullar

Häzirki zaman ylmy nazaryýetine we taglymatyna esaslanan Günbatar lukmançylygy adam bedenindäki işjeňligiň bozulmasyny has çalt we netijeli aýyrmaga gönükdirilendir. Alym Arkadagymyz: «Geljekki lukmançylyk keselleriň öňüni almaklykdyr, esasy orun ýaramaz endikleriň ýok edilmegine we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagly bolup durýar» diýip belleýär. Derman serişdesiz gazanylan saglyk babatda müňýyllyklaryň dowamynda Günbataryň lukmanlary beden öýjükleriniň kömegi bilen ýaşaýyş kuwwatlygyny sazlaşdyrmagy, ösümlik dünýäsini içgin öwrenip, bejermegiň zyýansyz usullaryny we serişdelerini tapmagy başarypdyrlar. Olar dogry ulanylsa, hiç hili islenilmeýän, zäherleýji, allergik täsirler ýüze çykanok. Günbataryň derman serişdeleri adam bedeninde ýüze çykan näsazlyklary bejerýär. Tebigy usullara esaslanan lukmançylyk keseliň ilkinji sebäplerini aradan aýryp, bedendäki bozulan deňagramlylygy dikeldýär. Sebäbi diňe adam bedeniniň hut özi keselden saplanmaga sebäp bolýar.

Sözlükçi alym zenanlarymyzy ýatlap...

Biziň söhbedimiz sözlük düzmek ýaly agyr, birsydyrgyn işi meýletinlik bilen öz üstlerine alan üç sany alym zenan hakynda bolar. Ynha, biziň elimizde olaryň gatnaşmagynda şol wagtky TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň ylmy işgärleriniň kiçi bolmadyk topary tarapyndan düzülip, 1986-njy ýylda Moskwada çapdan çykan iki tomluk «Uly rusça-türkmençe sözlük». Jemi möçberi 160 çap warakdan hem geçýän bu sözlük olaryň çäksiz zähmeti siňen iň soňky düýpli işleriniň biridir. Onda Güljemal Açylowa Д harpy, Häsiýet Gafurowa Ж, К, Ф, Ч, Э, Ю harplary, Sona Myradowa hem М, Р, Х harplary bilen başlanýan rus sözlerini türkmençä terjime edip, şolara bagyşlanan gyzykly we täsirli sözlük makalalaryny ýazypdyrlar. Köp sanly sözleri özünde jemleýän П harpyna degişli sözlük makalalaryny ýazanlarynda bolsa, bu üçüsi olary öz aralarynda paýlaşypdyrlar. Şeýle ähmiýetli sözlükleriň ençemesini düzmäge gatnaşandyklary üçin, beýleki dilçiler (G.Ataýew, S.Altaýew, W.Mesgudow we institutyň öňki direktory, merhum M. Hamzaýew) bilen bir hatarda, 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Ylym we tehnika boýunça Döwlet baýragyna mynasyp bolan bu üç alym zenanyň geçen ömür ýoly we nesillere galdyran ylmy mirasy hakynda başlan gysgaça söhbedimizi aşakda olaryň hersi barada aýry-aýrylykda dowam ederis. * * *

Ýerasty suwy emeli ýol bilen ýokary galdyrmagyň usullary

Pasyllaryň ygally, ýagyş-ýagmyrly gelşine baglylykda, ýerasty suwlarynyň ýokary galmagy ýerleriň şorlaşmagyna getirýär. Şeýle ýagdaýda zeý akabalaryna bolan gözegçiligi ýokarlandyrmaly bolýar. Mysal üçin, tomus paslynda howanyň birbada gyzmagy bilen, topragyň üstki gatlagynyň gatap gapaklamagy netijesinde ekin ekilen ýerleriň gögerişi üçin goşmaça işler geçirilýär. Gatan topragyň aşagyndan çykyp bilmän, gögerişden galýan ýerleri ikinji gezek ekmeli bolýar. Ýylyň gurak gelmegi we ekiş (mart — aprel aýlary) döwründe howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli gurak, yssy ýelleriň öwüsmegi bilen, bugarmagyň netijesinde topragyň yzgary 30 göterimden aşak düşýär (adaty toprakdaky bolmaly yzgaryň çägi 65 – 75 göterim). Bu bolsa tohumyň şinelemän galmagyna ýa-da gämiklemäge duran gowaçanyň we beýleki ekilen ekinleriň kökleriniň çüýremegine getirýär. Şeýle hem ol ilkinji ekilen ýüzlerçe gektar gowaça meýdanyny gaýtadan suwaryp we beýleki ir ekilýän ekinleriň tohumy üçin ikinji gezek harajatlaryň sarp edilmegine, ekiş möhletiniň gijä galmagyna getirýär.

Ylym dünýäsinde

Watanymyzyň taryhyny öwrenmek toplumlaýyn esasda alnyp barylýar. Şol bir wagtda, dünýä taryhynda täze tapyndylar, toplanan maglumatlar milli derejedäki maglumatlar bilen ugurdaşlygyna görä öwrenilýär. Munuň üçin halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn uludyr. Ylmy barlaglar, guramaçylyk işleri hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy döwrebap hukuk kadalary boýunça alnyp barylýar. Munuň özi bu ugurdaky maksatnamalaýyn işleriň ygtybarly we resmi esasda ýola goýulmagyna ýardam edýär. Ýurdumyz ylym babatda hyzmatdaşlyk boýunça ençeme halkara resminamalaryna hem goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, ylym ulgamyndaky işleriň guramaçylyk hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän kanunlar halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem laýyk gelýär. «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny döwletimizde innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünle

Nebit we gaz ýataklarynyň suwlary

Nebit we gaz ýataklarynyň suwlary ýatagyň kesimindäki önümli we önümsiz gatlaklardaky (gorizontlardaky) ýerasty suwlardyr. Ýatyş şertleri we önümli gorizontlarda ýataga görä ýagdaýy boýunça suw-nebit galtaşmasynyň (SNG) ýa-da gaz-suw galtaşmasynyň (GSG) aşagynda, doly gatlakly ýataklarda, nebitliligiň ýa-da gazlylygyň daşky we içki çäkleriniň arasynda ýerleşen çägiçi (konturiçi) suwlar we şol gatlagyň önümliliginiň serhediniň daşky çäginde ýerleşen çäkden daşarky (konturdan daşarky) suwlar tapawutlandyrylýar. Her bir aýry-aýry önümli gorizontda çäkden daşarky suwlaryň daşky serhedi ýatagyň geohimiki täsiriniň meýdanynyň giňişligi bilen şertli kesgitlenilýär. Önümliligiň çäginden uzakda ýerleşen çäkden daşarky suwlar ganat (gapdal uç) suwlary diýip atlandyrylýar. Doly gatlakly däl (suwda ýüzýän) we massiw ýataklarda SNG ýa-da GSG aşagynda ýerleşen suwlara daban (etek) suwlary diýilýär. Önümli gatlaklaryň içinde ýerleşen, kollektorlaryň kem-kemden ýukalýan zolaklaryna ýa-da dag jynslarynyň has pes syzdyryjylykly meýdanlaryna laýyk gelýän, ýataklaryň emele gelmeginiň barşynda iterilip çykarylmadyk suwlara içerki suwlar diýilýär. Bu suwlar hemişe bolmaýar. Galyndy suwlar kollektorlaryň öýjük giňişliklerinde nebit ýa-da gaz bilen bilelikde ýerleşýärler we has inçe kanallary we jaýryklary, öýjükleriň öňi ýapyk we pendulýar (çatryk) böleklerini eýeleýärler. Olar galyndy (hereketsiz) s

Täze ulgamyň rowaç ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti çalt depginlerde durnukly ösdürilýär. Ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda tutumly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halk hojalygy ösüşli ýol bilen öňe barýar. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň möçberli işleriň bady artýar. 2019-njy ýylyň başynda ýurdumyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edilenden soň, döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine giň ýol açyldy. Bu kämil ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen döwleti, halk hojalygymyzyň önümçiligini dolandyrmakda, beýleki ulgamlarda has netijeli ösüşleri gazanmakda täze mümkinçilikler peýda boldy. Kämil ulgamyň ösdürilmegi beýleki ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde goşmaça amatlyklara ýol açdy. Biz muňa gündelik iş tejribämizden göz ýetirýäris. Mekdebimiziň mugallymlary täze usuldan netijeli peýdalanyp, gowy görkezijileri gazanýarlar.

Pessejik ösümlikler

Bagy-bossanlyga beslenýän obadyr şäherlerimizde bezeg ösümliklerine aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda derwüş ösümliklerine we olaryň karlik diýlip atlandyrylýan görnüşine hem duşmak bolýar. Derwüş ösümlikler tebigy ýa-da emeli sebäplere görä pes ösýän ösümliklerdir. Olar ösümlik dünýäsinde örän ýygy duş gelýär. Çyglylygyň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy, käbir minerallaryň ýoklugy, ýagtylygyň pesligi, aşa pes ýa-da aşa ýokary temperatura ýaly amatsyz tebigy şertler, ýokançlyklar ösümligiň karlik möçberde ösmegine sebäp bolup bilýär. Derwüş ösümlikleri (mysal üçin, gaýa, weli, arça, sosna) köplenç Arktikanyň, daglyk ýerleriň mes bolmadyk topraklarynda duş gelýär. Emma karlik görnüşli dub, ginkgo, akja we şoňa meňzeş ösümlikler bezeg maksatlarynda emeli usulda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu görnüşdäki alça, erik we şoňa meňzeş miweli agaçlar bolsa, dykyz toprakly gaplara (sebetlere) nahal oturtmak we ösmedik kök ulgama emeli usulda sanjym etmek arkaly emeli ösdürip ýetişdirilýär. Şeýle ösümlikler, hatda 100 ýaşynda-da bir metr beýiklige ýetip bilmeýär. Olary ösdürmek üçin pyntyklaryň we baldaklaryň ösmeginiň öňüni alýan sintetiki maddalar — retardantlar ulanylýar. Häzirki zaman bagbançylykda ösümlikleriň pessejik häsiýeti islegli ugur hasaplanýar. Ösümlikleriň bu görnüşini saýlama köpeltmek-seleksiýa we geninženerligi arkaly hem gazanyp bolýar.

Marsda bolan suw joşmasynyň yzy tapyldy

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň barlagçylar topary Marsdaky Utopiýa düzlüginiň topragynyň birnäçe ýerasty gatlaklardan ybaratdygyny mälim etdi. «Nature» žurnalynda habar berilmegine görä, bu topar «Zhurong» Marsda ýöreýjiden alnan maglumatlara esaslanýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Milli kosmos dolandyryş edarasy 2021-nji ýylyň maý aýynda Marsda ýöreýjini getirdi. Şondan bäri bu enjam Utopiýa düzlüginde aýlanyp, ýeri we topragy öwrenmek bilen meşgullanýar. Şu wagta çenli bu ulag, takmynan, 1,171 metr aralygy geçdi. «Zhurong» gözlegçilere 3 metrden 10 metre çenli çuňluk kartasyny döretmäge mümkinçilik berip, çuňluga girýän radar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem bu enjamda pes ýygylykly radio tolkunlaryny 100 metre çenli çuňluga iberip bilýän enjam bardyr. Gözlegçiler şu ýerdäki howzuň aşagynda azyndan iki gat materialyň bardygyny, ýöne ikisiniňem suw däldigini aýdýarlar. Gatlaklaryň biri, takmynan, 10-30 metr, beýlekisi 30 — 80 metr çuňlukda ýerleşýär.

Ylym — kämilligiň berk binýady

Milli bilim ulgamyny ösdürmek, has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň hünär ussatlygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak döwletimiziň ýöredýän esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap mümkinçilikler bilen ösdürmek, sanly ulgamdan peýdalanmak möhüm şertleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdebiniň döredilmegini, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyny, iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligi üpjün etdi.

Bilgirjä sowal

— Bilgirje, näme üçin kompýuteriň dolandyryjysyna «syçanjyk» diýip at goýdularka? — Kompýuterleriň manipulýatorlaryna seredeniňde, bu sowalyň jogabynyň diýseň ýerine düşendigine göz ýetirýärsiň. Bu täsin enjamyň daşky görnüşi syçanjygy ýatladýar, galyberse-de, onuň edil ady agzalýan haýwanjygyňky ýaly guýrujaga meňzeş simi bolanlygy üçin ol bu ady göterýär.

Başarnygy galamynda görünýär

Züleýha Gulowanyň ady okyjylara ýaş ýazarlaryň biri hökmünde tanyşdyr. Çünki Züleýha öndümli işleýän ýaş zehinleriň biri. Terjime sungaty bilen bagly başarnygy onuň öz gerekli muşdaklaryny gazanyp bilmegine getirdi. Biz onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol özüniň many-maňyzly gürrüňleri bilen özüne bolan hormaty gazandyryp bildi. Ol ýaşlygyna garamazdan, edebiýat, edebi nazaryýet baradaky pikirlerini ynamly öňe sürüp bilýär. Bu onuň okumyşlygyndan habar berýär. Züleýhanyň terjime sungaty bilen bagly pikirlerem juda kämil. Terjimäniň janly we ynandyryjy bolmalydygy barada aýdýan ýaş zehiniň terjime etmeklige batyrgaý ýapyşyşam aýratyn bellärliklidir. Munuň şeýledigini ýaş terjimeçiniň «Seniň pikiriňçe, terjimeçilik näme?» diýip beren sowalymyza beren jogaby hem tassyklaýar. Ol: «Dünýä belli ýazyjylaryň biri Jose Saramago şeýle diýipdir: «Ýazyjylar milli edebiýaty, terjimeçiler bolsa dünýä edebiýatyny kemala getirýärler». Diýmek, terjimeçi bolmak örän uly jogapkärçiligi boýnuňa almakdyr. Sebäbi ýazyjyny bütin dünýäde meşhur edýän zat onuň eseriniň terjimesi. Bir dilden birnäçe dile terjime edilen eser şolaryň islendiginde okanyňda-da şol bir manyny, şol bir duýgyny berip bilmelimikä diýýän. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy bolan Züleýha Gulowa «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň sahypalarynda ýygy-ýygydan çykyş edýär. Özem ol okyjylary iňlis dilinde ýazylan eseriň dünýäsin