Hünärli, bilimli ýaşlar kemala gelýär

2 Noýabr 2022
1518

Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol syýasatyň esasynda döwletimizde beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekjek ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda, ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, iň kämil tehnologiýalary ulgama giňden ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty pudagynda hem işine ökde, kämil hünärmenleri taýýarlamak, pudagyň ösüşlerini has ýokary derejelere ýetirmek, iň kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmek, amatly iş şertlerini döretmek boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär. Bu babatda mekdebimizde-de döwrebap işler ýola goýulýar, jemi on sekiz hünär boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Olaryň aglaba bölegi nebitgaz pudagy boýunça ýörite hünärlerdir. Mekdebimiziň döwrebap kompýuter enjamlary bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda talyplara internet ulgamyndan peýdalanmaklyga mümkinçilik döredildi. Talyplar okuwdan boş wagtlarynda dürli bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Bu bolsa bizi diýseň begendirýär.

Gülaram Durdyýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.