Pessejik ösümlikler

18 Oktýabr 2022
1696

Bagy-bossanlyga beslenýän obadyr şäherlerimizde bezeg ösümliklerine aýratyn üns berilýär. Olaryň arasynda derwüş ösümliklerine we olaryň karlik diýlip atlandyrylýan görnüşine hem duşmak bolýar. Derwüş ösümlikler tebigy ýa-da emeli sebäplere görä pes ösýän ösümliklerdir. Olar ösümlik dünýäsinde örän ýygy duş gelýär. Çyglylygyň ýetmezçiligi ýa-da artykmaçlygy, käbir minerallaryň ýoklugy, ýagtylygyň pesligi, aşa pes ýa-da aşa ýokary temperatura ýaly amatsyz tebigy şertler, ýokançlyklar ösümligiň karlik möçberde ösmegine sebäp bolup bilýär.

Derwüş ösümlikleri (mysal üçin, gaýa, weli, arça, sosna) köplenç Arktikanyň, daglyk ýerleriň mes bolmadyk topraklarynda duş gelýär. Emma karlik görnüşli dub, ginkgo, akja we şoňa meňzeş ösümlikler bezeg maksatlarynda emeli usulda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Bu görnüşdäki alça, erik we şoňa meňzeş miweli agaçlar bolsa, dykyz toprakly gaplara (sebetlere) nahal oturtmak we ösmedik kök ulgama emeli usulda sanjym etmek arkaly emeli ösdürip ýetişdirilýär. Şeýle ösümlikler, hatda 100 ýaşynda-da bir metr beýiklige ýetip bilmeýär. Olary ösdürmek üçin pyntyklaryň we baldaklaryň ösmeginiň öňüni alýan sintetiki maddalar — retardantlar ulanylýar. Häzirki zaman bagbançylykda ösümlikleriň pessejik häsiýeti islegli ugur hasaplanýar. Ösümlikleriň bu görnüşini saýlama köpeltmek-seleksiýa we geninženerligi arkaly hem gazanyp bolýar.

Enejan DIDAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.