Häzirki zaman lukmançylygy: ugurlar hem-de usullar

28 Oktýabr 2022
1525

Häzirki zaman ylmy nazaryýetine we taglymatyna esaslanan Günbatar lukmançylygy adam bedenindäki işjeňligiň bozulmasyny has çalt we netijeli aýyrmaga gönükdirilendir. Alym Arkadagymyz: «Geljekki lukmançylyk keselleriň öňüni almaklykdyr, esasy orun ýaramaz endikleriň ýok edilmegine we sagdyn durmuş ýörelgelerine bagly bolup durýar» diýip belleýär. Derman serişdesiz gazanylan saglyk babatda müňýyllyklaryň dowamynda Günbataryň lukmanlary beden öýjükleriniň kömegi bilen ýaşaýyş kuwwatlygyny sazlaşdyrmagy, ösümlik dünýäsini içgin öwrenip, bejermegiň zyýansyz usullaryny we serişdelerini tapmagy başarypdyrlar. Olar dogry ulanylsa, hiç hili islenilmeýän, zäherleýji, allergik täsirler ýüze çykanok.

Günbataryň derman serişdeleri adam bedeninde ýüze çykan näsazlyklary bejerýär. Tebigy usullara esaslanan lukmançylyk keseliň ilkinji sebäplerini aradan aýryp, bedendäki bozulan deňagramlylygy dikeldýär. Sebäbi diňe adam bedeniniň hut özi keselden saplanmaga sebäp bolýar.

Baýmyrat BEGMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.