Marsda bolan suw joşmasynyň yzy tapyldy

17 Oktýabr 2022
1592

Hytaý Ylymlar akademiýasynyň barlagçylar topary Marsdaky Utopiýa düzlüginiň topragynyň birnäçe ýerasty gatlaklardan ybaratdygyny mälim etdi. «Nature» žurnalynda habar berilmegine görä, bu topar «Zhurong» Marsda ýöreýjiden alnan maglumatlara esaslanýar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Milli kosmos dolandyryş edarasy 2021-nji ýylyň maý aýynda Marsda ýöreýjini getirdi. Şondan bäri bu enjam Utopiýa düzlüginde aýlanyp, ýeri we topragy öwrenmek bilen meşgullanýar. Şu wagta çenli bu ulag, takmynan, 1,171 metr aralygy geçdi. «Zhurong» gözlegçilere 3 metrden 10 metre çenli çuňluk kartasyny döretmäge mümkinçilik berip, çuňluga girýän radar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem bu enjamda pes ýygylykly radio tolkunlaryny 100 metre çenli çuňluga iberip bilýän enjam bardyr. Gözlegçiler şu ýerdäki howzuň aşagynda azyndan iki gat materialyň bardygyny, ýöne ikisiniňem suw däldigini aýdýarlar. Gatlaklaryň biri, takmynan, 10-30 metr, beýlekisi 30 — 80 metr çuňlukda ýerleşýär.

Taýýarlan Orazgeldi ORAZDURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.