Magdan ýataklarynyň barlanyş derejesiniň çykdajylara täsiri

31 Oktýabr 2022
1449

Magdan ýataklarynyň gorlarynyň barlanyş derejesine baglylykda, olary ulanmagyň netijeleri örän düýpli tapawutlanýar. Magdan gorlary näçe takyk barlanylan we öwrenilen bolsa, şonça-da şahtanyň önümçilik kuwwatyny, dag işleriniň tehnologiýasyny saýlap almak boýunça ýalňyşlyklar az hem-de magdany gazyp almak we gaýtadan işlemek üçin çykdajylar pes bolýar. Emma geologiýa-barlag işleriniň takyklygyny ýokarlandyrmak barlag işleri üçin çykdajylaryň artdyrylmagyny talap edýär. Meselem: C2 derejeli gorlary A+B derejelere ýa-da C1 derejä geçirmek üçin geologiýa-barlag işlerine çykarylýan çykdajylary birnäçe esse artdyrmaly bolýar. Geologiýa-barlag işleriniň häzirki bar bolan ugrukdyryjy görkezmeler bilen şertlendirilýän gorlar baradaky ýeterliksiz takyklykdaky maglumatlary zerarly magdan ýatagy özleşdirilýän döwründe serişdeleriň aşa sarp edilmegine, ýer jümmüşiniň nädogry ulanylmagyna getirýär, ýagny magdanlar toplumlaýyn doly özleşdirilmeýär. Bu aşa çykdajylar, meselem, çylşyrymly magdan ýataklarynda känleriň we baýlaşdyryjy fabrikleriň gurluşygy üçin maýa goýumlaryň tas ýarysyna ýetýär. Şonuň bilen baglylykda, geologik barlagda we özleşdirmekde bir wagtda esaslandyrylmadyk köp sanly magdanyň ýüze çykmalary bolup bilýär we tebigy obýektleriň mukdar sany ýazylýar. Dag-magdan senagatynyň dürli kärhanalarynda gazylyp alynýan baýlyklaryň ýataklaryny barlamak we özleşdirmek toplumlaryň tehniki-ykdysady maglumatlarynyň seljerilmegi maýa goýumlarynyň we ulanyş çykdajylarynyň peseldilmegi we dag işleriniň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär. Magdanlary gazyp almak, gaýtadan işlemek we daşky gurşawy goramak üçin çykdajylaryň peseldilmegi, esasan hem, magdan gorlarynyň hiliniň we geologiýa-barlag işleriniň netijeliliginiň takyklygynyň artdyrylmagynyň hem-de ýer jümmüşleriniň doly we toplumlaýyn ulanylmagynyň hasabyna gazanylyp bilner. Bir wagtda geologiýa-barlag we dag işleriniň köp sanynyň çäklendirilen obýektlerde jemlenmegini üpjün etmeli.

Magdan gorlarynyň hilini we geologiýa-barlag işleriniň takyklygyny ýokarlandyrmak geologiýa-barlag işleri üçin çykdajylary artdyrmak we gorlary has ýokary barlanylanlyk derejesine çykarmak ýoly bilen mümkindir. Geologiýa-barlag işlerinde çykdajylaryň artmagy dürli ýataklarda dürli-dürli we ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmalydyr.

Nazarmuhammet NAZARGULYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.