“Yhlas bile bir kämile gol beren...”

7 Noýabr 2022
1503

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň işgärleri Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda maksatnamalaýyn, netijeli gözlegleri alyp barýarlar. Olar gowaçanyň ýurdumyzyň toprak hem howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly täze sortlaryny döredip, önümçilige ornaşdyrýarlar.

Merkeziň uly ylmy işgäri, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Rejepmyrat Berdimyradow öz manyly ömründe zähmet ýolunyň 58 ýylyny gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bilen bagly işlere bagyşlan halypa alymlaryň biridir. Ol Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Çarlakýap obasynda önüp-ösýär. Şol wagtky Türkmen oba hojalyk institutyna (häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti) okuwa girýär we onuň agronomçylyk bölümini üstünlikli tamamlaýar. Ýaş hünärmen 1964-nji ýylda Ýolöten seleksiýa stansiýasynda ylmy işgär bolup işe başlaýar.

Döwletmyrat ANYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy. Surata düşüren Azym ŞEKEROW.