Gahryman şahyr bilen döredijilik duşuşygy

2 Noýabr 2022
1685

Düýn Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu baýry ýokary okuw mekdebiniň uçurymy, Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr Gözel Şagulyýewa bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

Talyp ýaşlar bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda şahyr institutda döredilen Gahrymanlaryň döredijilik otagy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, bu otag şu ýylyň iýun aýynda baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçiren Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda döredildi. Döredijilik otagynda institutyň uçurymlary — Türkmenistanyň Gahrymanlary Gözel Şagulyýewa we Çynar Rüstemowa bilen bagly gymmatlyklaryň uly toplumy jemlenildi.

Agageldi ITALMAZOW, ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.