Mekgejöwen silosyny taýýarlamagyň we saklamagyň netijeli usuly

8 Noýabr 2022
1436

«Malym — janym» diýýän çarwa ata-babalarymyz mallary, dowarlary ýyly we dok gyşlatmak üçin öňünden alada edip, ot-iýmlik gorlaryny döredipdirler. Bu däp biziň şu günlerimizde hem dowam etdirilýär. «Oty köpüň – maly dok» diýen pähime uýýan maldarlarymyzyň alyp barýan işleri hem muny aňryýany bilen tassyklaýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap maldarçylyk toplumlarynyň birnäçesi hereket edýär. Şol toplumlaryň ählisinde mallaryň güýz-gyş döwründe talabalaýyk idedilmegini üpjün etmek maksady bilen, silosyň we senažyň ýeterlik mukdary taýýarlanylýar.

Maýagül KÖMEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.