"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gülleýän Diýaryň görkli binalary

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda: «Biz geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmelidiris... Şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün ederis» diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny döretmek, adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Bereketli saçaklaryň bezegi

Berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň we hususyýetçiligiň bilelikdäki kärhanalarynyň döredilmegi babatda amala aşyrylýan beýik işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady we telekeçilik pudagynyň ösüşlerine uly goşant goşýan abraýly kärhanalaryň biri hem «Parahat» hususy kärhanasydyr. Ol 1993-nji ýyldan bäri ýokary hilli önümleri öndürip gelýär. Kärhana ýokary hilli miwe içgilerini, şokoladlary, süýt önümlerini, çaýlaryň dürli görnüşlerini, gazlandyrylan içgileri, çaga pýurelerini, ketçuplardyr beýleki iýmitlik önümleri öndürip, halkymyza elýeter bahadan hödürleýär. Kärhanada bu ugurda alnyp barylýan işler barada «Parahat» hususy kärhanasynyň ussat hünärmeni Selim Amandurdyýew ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň barha kuwwatlanmagy diýseň buýsandyryjydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeş önümleri öndürmek we halkymyzyň isleglerini kanagatlandyryp, gerekli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Kärhanamyz alyjylaryň islegini öwrenip, zerur bolan önümleri öndürmek üçin ähli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlarynda biziň önümlerimiz alyjylara hödürlenýär. Yh

Toýlar toýa ulaşsyn!

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýakymly ýatlamalara, göwün galkyndyryjy wakalara baý boldy. Geçen ýylda bolup geçen ösüşler, üstünlikler, başlangyçlar barada näçe aýtsaň aýdybermeli. Her bir ýyl adamyň ömründe ýatda galyjy möhrüni goýýar. Şeýle ajaýyp duýgular hakda gürrüň etmek maksady bilen, «Altyn» toý mekany hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Şadurdy Sähedowa ýüzlendik. — Şadurdy aga, jemgyýetçilik hyzmatlarynda işe başlaýşyňyz, «Altyn» toý mekany hojalyk jemgyýetiniň esaslandyrylyşy barada gürrüň beräýseňiz.

Saçaklarda — lezzetli balyklar

Türkmeniň her bir baýramçylykda saçak bezeýşi üýtgeşik. Täze ýyl baýramçylygynda hem dürli tagamlardyr naz-nygmatlar bilen birlikde balyk we balykdan taýýarlanylan tagamlar saçaklarymyzy bezeýär. «Lebapbalyk» hojalyk jemgyýetiniň balykçylary şu günler ilatyň balyga bolan islegini kanagatlandyrmak üçin tagalla baryny edýärler. Balykçy toparlaryň 167-si Lebap welaýatynyň çägindäki «Düýeboýun», «Soltandag» köllerinde we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda balyk tutmak işlerini alyp barýarlar. Welaýatyň etraplarynda we Türkmenabat şäherindäki balyk dükanlarynda söwda gyzgalaňly dowam edýär. Her günde balyk dükanlaryndaky dürli görnüşli balyklaryň üsti ýene-de täzeleri bilen ýetirilip durulýar. Ilatyň köp isleg bildirýän balyklaryndan lakga, tüňňümaňlaý, ak amur, çapak ýaly balyklar Kerki etrabynyň çägindäki «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu howdanda balyk ösdürip ýetişdirmek we balyk tutmak işlerini «Myradym» hususy kärhanasy amala aşyrýar. Dürli torlar we motorly gaýyklar bilen üpjün edilen balykçylar toparlarynyň her günki tutýan balyklary ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň kömegi bilen dessine degişli ýerlere ugradylýar.

Şirin-şeker nygmatlar

Paýtagtymyzyň şaýollarydyr köçelerinde we seýilgählerinde üýtgeşik bezelen Täze ýyl arçalary hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygymyzyň has-da golaýlaýandygyny buşlaýar. Kalbymyzy şatlyga besleýän Täze ýyl baýramçylygyny ähli ildeşlerimiz bilen birlikde, telekeçiler hem ajaýyp toý sowgatlary bilen garşylaýar. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçilerimiziň öndürýän önümleri mähriban halkymyzyň şatlygyny goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan kän. «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy ýurdumyzyň kärhanalarynyň arasynda öňdebaryjylaryň biridir. Häzirki döwürde şokolad önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän kärhana Belgiýanyň meşhurlyk gazanan kompaniýalarynyň usullaryndan we tehnologiýalaryndan işjeň peýdalanýar. Söhbetdeşimiz «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň direktory Maksat Öwezowyň aýtmagyna görä, kärhana Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylyga bagyşlap, sowgatlyk gapda süýjülikleriň tutuş tapgyryny çykardy. Olaryň arasynda öýjükli süýtli şokoladlar, «Sowgat» we «Çempion» atly süýjülikler, Aýazbabanyň, Garpamygyň, şeýle hem ýetip gelýän 2023-nji ýylyň nyşany — towşanyň şokoladdan taýýarlanan şekiljikleri hem bar.

Täze bazar Täze ýylyň sowgady

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde durky täzelenilen Merkezi daýhan bazarynyň ile hyzmat edip başlamagy ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze desganyň keşbinde ilki bilen Täze ýylyň gelendigini buşlaýan göwün göteriji bezeglerdir yşyklara, önümleriň bolçulygyna gözüň düşýär. Bu ýakymly görnüşler Täze ýylyň türkmen topragyna toý sowgatlarynyň hem ýeterlidigini buşlaýar. Täze bazaryň açylyşy mynasybetli guralan dabaralar hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Il sylagly ýaşulularymyz we jemgyýetçilik wekilleri şäheriň ýaşaýjylaryny bu şanly waka bilen gutladylar. Gutlag sözleri bilen çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlarynyň eşretli we bolelin durmuşda ýaşamaklary ugrunda amala aşyrýan işlerine alkyş sözlerini aýtdylar. Bazaryň durkuny täzelemek işlerini «Mizemez Watan» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi. Bu kärhana welaýatymyzyň çägindäki gurluşyklara işjeň gatnaşýar. Gurluşygyň iş öndürijisi Nurgeldi Nurgeldiýew taslama boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin agzybirlikli zähmet çekilendigini aýdýar. Täze bazaryň tutýan umumy meýdany 3 gektara golaýdyr. Bu desganyň taslamasyny «Sagadat» hususy kärhanasy taýýarlady. Döwrebap bazaryň çäginde söwda dükanlarynyň 283-si guruldy. Dükanlardan başga hem jemi 880 satyjy-orunlyk uly bassyrmalaryň 4-siniň aşagynda ýörite söwda tekjelerinde azyklyk önümleriň söwdasy guralýar. Bir satyjy-orunly

«Titi» — saçaklaryň bezegi

Del haryt ýa-da üýtgeşik her bir söz adamyň ünsüni özüne çekýär. Muňa gowy düşünýän haryt öndürijiler önümlerini täsin atlar bilen atlandyrmaga çalyşýarlar. Şu nukdaýnazardan «Titi» haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň ady hem tüýs ýerine düşüpdir. Sebäbi oňa gözüň düşeninden, türkmen diline mahsus bolmadyk bu sözüň nähili manysynyň bardygy barada oýlanýarsyň. Hut şu gyzyklanma hem meni «Titi» haryt nyşanly alkogolsyz içgileri öndürýän hususy kärhananyň gapysyndan eltdi. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bu hususy kärhana 2020-nji ýylda öz işine başlapdyr. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muzaffar Baratow tarapyndan döredilipdir. Işini sazlaşykly guramagy başarýan ussat telekeçi kärhananyň önümçiligi barada şeýle gürrüň berdi:

Täze ýyl sowgatlaryny aldyňyzmy?

Almadyklaryňyz az-azdyr, meger. Çünki ýurdumyzda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk işleri bireýýäm başlanyp, bazarlarda, marketlerde, dükanlarda söwda şeýle bir gyzyşdy welin, olar baradaky şirin söhbetler has-da gyzyşýar. Şu günler iki adamyň başy birikse, bazarlardaky haryt bolçulygy, azyk önümleriniň bahalarynyň elýeterliligi barada gürrüň edilýändigi hakykat. Onda-da uly buýsanç bilen! Bu hakykata göz ýetirmek üçin, paýtagtymyzdaky «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezine, esasan-da, onuň daş ýüzünde guralan baýramçylyk söwda ýarmarkasyna aýlanyp görmegem ýeterlik. Bu ýere gelseň, ilki bilen, her söwda diwarlygynyň öňündäki Täze ýyl arçalaryna, Aýazbabadyr Garpamygyň, şeýle-de geljek ýylyň aňlatmasy bolan towşanjyklaryň şekillerine gözüň düşýär. Ullakan sandyklardyr sebetlerdäki, owadan gaplardyr haltajyklardaky Täze ýyl sowgatlarynyň, dürli sowgatlyk önümleriň hatary nazaryňy egleýär. Olaryň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Söwda ýarmarkasyny öz milli önümlerimiz — «Hasar», «Ýunus», «Mekan», «Täze Aý», «Ak gar», «Bars», «Misgär» ýaly dürli haryt nyşanly süýjüliklerdir sowgatlyklaryň bezeýändigi bolsa has-da buýsançlydyr. Täze ýyl sowgatlarynyň içinden körpeleriň ilki bilen gözleýäni ýumurtganyň şekilindäki içi oýnawaçly şokoladlardyr. Şokolad önümçiligi bilen adygan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy bolsa olaryň «Eggi» we «Bubu» diýlip atlandyrylan iki görnüşini öndürýär. Eýs

Hyrydarly hem lezzetli harytlar

Dekabryň soňky günleri ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini seljerip, belent maksatlar, ýagşy arzuw-umytlar bilen Täze ýyla taýýarlyk görülýän döwür. Dost-ýarlara, dogan-garyndaşlara myhmançylyga baryp, birek-biregi gutlamak, sowgat bermek baýramçylygyň ýatdan çykmajak duýgulara beslenmegine ýardam berýär. Ýurdumyzyň söwda edaralary, önümçilik kärhanalarydyr hususy telekeçileri hem ildeşlerimiziň Täze ýyl şatlygyny artdyrmaga goşant goşmak üçin yhlas bilen zähmet çekýärler. Baýramçylygyň öňüsyrasynda bazarlarda, söwda merkezlerinde, dükanlarda azyk we beýleki harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmegi gözüňi dokundyrýar. Täze ýyl mynasybetli amatly bahalardan alyjylara hödürlenilýän harytlaryň arasynda milli önümlerimiziň agdyklyk etmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleriň hem-de adamlaryň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň görkezijisidir. «Hasar», «Täze Aý», «Altyn Ýunus», «Oguzhan», «Mekan», «Bars» ýaly hususy kärhanalaryňdyr hojalyk jemgyýetleriniň, şeýle hem beýleki telekeçileriň konditer önümleriniň ýüzlerçe görnüşleri we olardan taýýarlanylan sowgatlar baýramçylyk bazarlarynyň iň geçginli harytlarynyň hataryndadyr.

«Alp» haryt nyşanly dokma önümleri we egin-eşikler

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Hojageldi Annagurbanowyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda dokma önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň Ýaponiýa döwletiniň enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde her aýda dokma önümleriniň müňlerçesini öndürmäge mümkinçilik berýär. 2017-nji ýylda işe girizilen kärhanada häzirki wagtda 60-dan gowrak işgär zähmet çekýär. Kärhanada önümçilik üçin ýerli we daşary ýurt çig maly ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän dokma önümleri her möwsümde, pasla görä, dürli ýaşdaky adamlara niýetlenendir. Olaryň arasynda erkek adamlar we çagalar üçin niýetlenen başgaplar, köýnek, sport egin-eşikleri, dürli kärler üçin ýörite niýetlenen eşikler, zenanlar üçin torbalar bar. Bulardan başga-da, häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde kärhanada erkek adamlar, zenanlar, çagalar üçin niýetlenen possun, keltekçe, ýeňsiz ýaly gyşky egin-eşikleriň önümçiligi hem üstünlikli ýola goýuldy. Önümler «Alp» haryt nyşany bilen paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Kärhanada erkek adamlar üçin niýetlenen deriden aýakgaplaryň dürli görnüşleri hem öndürilip başlandy. Geljekde kärhana zenanlar we çagalar üçin hem aýakgaplary öndürmegi, dokma önümlerini öndürmek üçin gerek bolan ýüplüg

«Täç hil» HK hoşboý ysly zibil paketlerini öndürip başlady

Ýakynda «Täç hil» HK ýurdumyzda ilkinji bolup zibil salmak üçin niýetlenilen polietilen paketleriň ýüpli görnüşiniň önümçiligine başlady. Üstesine-de zibiliň ysyny ýok etmek maksady bilen, polietilen gaplara limonyň, narpyzyň hoşboý ysyny goşdular. Polietilen paketleriniň önümçiligi müşderiniň buýurmalary esasynda islendik reňkde, galyňlykda, ölçeglerde alnyp barylýar. Şeýle-de zähmet ýolunda ilkinji bolmagy maksat edinen «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen torbalara surat çap edýän Türkiýe Respublikasynyň iň täze tehnologiýasyny ornaşdyrdy. Onuň esasynda kärhanada öndürilýän polietilen torbalara islendik suraty, ýazgyny dury, arassa görnüşde çap edip bolýar. Hatda täze ornaşdyrylan enjam has kiçi suratdyr hatlary has aýdyň çap etmäge ukyply. Bu bolsa kärhanada öndürilýän önümleriň müşderileriň arasynda has işjeň ulanylmagyna ýardam berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen gaplaryň önümçiligine 2009-njy ýylda başlady. Bu günki günde içerki bazarda bu ugurda liderligini saklaýan kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2400 tonna barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde marketlere, dükanlara, senagat, iýmit, azyk önümlerine niýetlenilen, şeýle-de restoran, kafe, toý hyzmatlary üçin ýöriteleşdirilen tutawaçly we tutawaçsyz polietilen torbalar öndürilýär.

«Ak-Gaýa» — Türkmenistanda gurluşyk önümleriniň öňdebaryjy öndürijisi

30 ýyla golaý wagt bäri Balkan welaýatynda gurluşyk pudagyna degişli dürli önümleri öndürýän «Ak-Gaýa» 1994-nji ýylda hususy kärhana hökmünde bellige alynýar. 2015-nji ýylda öz önümçiligine başlamak kararyna gelen, gurluşyk önümleriniň söwdasyny ýerine ýetirýän «Ak-Gaýa» hususy kärhanasy hojalyk jemgyýetine öwrülýär. Kem-kemden önümçilik çygryny giňeldip başlan hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagyndaky dükanlaryny we ammarlaryny artdyryp, gurluşyk materiallarynyň, şeýle-de öý harytlarynyň söwdasyny ýola goýýar. Netijede 2018-nji ýylda «Ak-Gaýa» HJ özüniň «Ak-Alçi» söwda nyşanly harytlary bilen müşderileri özüne çekip başlaýar. Häzirki wagtda kärhana gurluşyk garyndylarynyň, gips kartonynyň, şeýle hem gipsden asma potoloklaryň we profilleriň önümçiligini ýola goýdy. Onuň «Siva» haryt nyşanly kerpiç, beton, arassalanmadyk beton, gazbeton ýaly materiallaryň ýüzüne gönüden-göni ulanylyp bolýan ýörite formulaly, ulanyşa taýýar suwag garyndysy, «Saten» haryt nyşanly ýokary derejede ýapyşma aýratynlygyna eýe bolan, ähli boýaglaryň aşagyndan ulanylýan soňky gat suwag garyndysy, «Kartonpiyer» haryt nyşanly dürli şekilleri ýasamak hem-de olary düzetmek üçin ulanylýan gurluşyk gips garyndysy bazarlarda geçginli harytlaryň hatarynda.

Telekeçilige — giň ýol!

Ýeňşe beslenýän menziller Uly üstünliklere beslenip, taryhy wakalary bilen şöhratlanýan Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly tamamlanyp barýar. Şanly ýylymyzyň şu ýeňişli menzilleriniň rowaçlanmagyna türkmen telekeçileriniň, şol sanda welaýatymyzyň telekeçileriniň saldamly goşantlaryny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär. Sebäbi, telekeçilerimiziň ýadawsyz aladalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulugynyň döredilmeginde gowy netijeler gazanylýar. Şeýle hem hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegine-de kuwwatly itergi berýär.

«Dalbar» nyşanly tagamlar

Ildeşlerimiziň baýramçylyk saçagynyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen bezelmegine welaýatymyzyň çäginde iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Datlydan tagamly çörek we konditer önümlerini öndürip, ak bazarlardyr söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirýän telekeçileriň biri-de Merdan Çüriýewdir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan ady agzalan telekeçiniň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki önümçilik kärhanasynyň işi barha ilerleýär. 2020-nji ýylda döredilen bu kärhanada ilkibaşda «Dalbar» haryt nyşanly önümleriň birnäçe görnüşi öndürilen bolsa, häzirki wagtda olaryň sany has-da artdy. Işi üç çalşykda ýola goýlan kärhanada bu gün buhankanyň, gatlama we ýagly çöregiň, pişmäniň, kökedir tortuň datlydan tagamly görnüşleri öndürilýär.

Durmuş zerurlygynyň berk binýady

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurduň oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmegiň esasy ugurlary bellenilýär. Bu döwürde ilatyň azyk önümlerine hem-de senagatyň çig mala bolan islegini ýerli önümçilikleriň hasabyna üpjün etmek, maldarçylyk önümleriniň bazarynda importy ýerli önümçilikleriň hasabyna çalyşmak, şeýle-de ýer we beýleki tebigy serişdeleriň önüm berijiligini ýokarlandyrmak döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Şonuň üçin maksatnamada oba hojalyk toplumynda halkara ülňülerine laýyk gelýän we ilaty azyk bilen doly üpjün edýän ýokary hilli, bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri döretmek meýilleşdirilýär. Döwlet tarapyndan berilýän uly goldawlaryň hem-de ekilýän ýerleriň howa we toprak şertlerine gabat gelýän ýokary hilli bugdaý tohumlaryny saýlap ekmek, ekine öz wagtynda ýerli we mineral dökünleri bermek, daýhanlar bilen oba hojalykçy alymlaryň arasynda gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýup, ylmyň we tejribäniň gazananlaryny utgaşdyryp ulanmak, oba hojalygyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we dünýäniň iň oňat tejribelerini ornaşdyrmak daýhanlara bugdaýdan bol hasyl almaga şert dör

Hemişe gözlegde bolmak — biziň baş ýörelgämiz

Türkmenistanda awtomobil ýaglarynyň önümçiligi ýola goýuldy Hemişe täzeçillikleriň gözleginde bolmak, innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmek türkmen telekeçileriniň esasy ýörelgeleridir. Şonuň üçinem ýurdumyzda importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen milli haryt nyşanly önümleri öndürýän hususyýetçileriň hatary artýar. 2013-nji ýylda esaslandyrylan «Geljege miras» hususy kärhanasy hem döredijilikli gözlegleriň netijesinde yzygiderli kämilleşýän kärhanalaryň biridir.

Milli önümler we dünýä standartlary

Türkmen haryt öndürijileriniň eksport kuwwatyny artdyrmak, milli önümlerimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyplylygyny, hiliniň we gaplarynyň ýokary derejede taýýarlanmagyny üpjün etmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Sergilerde ýa-da söwda merkezlerinde milli önümlerimizi görenimizde, olaryň dolanyşygynda Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasynyň hem goşandynyň bardygyny görmek örän ýakymly. Onuň alyp barýan işleri barada ildeşlerimizi habarly etmek maksady bilen, habarçymyz bu guramanyň Çyzykly belgi hyzmatlary jemgyýetçilik birleşiginiň kärhanasynyň direktory Baýramguly Amanow bilen söhbetdeş boldy. — Söhbetdeşligimiziň başyny guramaňyzyň işe başlan döwürlerinden başlaýsaňyz.

Ilatyň saçagynda «Her gün» täze önümler

Önümçiligini Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginde alyp barýan «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilik öz önümleri bilen juda meşhurdyr. Bu hususy kärhanada şu günler watandaşlarymyzyň Täze ýyl saçaklary üçin her gün süýt önümleriniň uly toplumy öndürilýär. Bu hususy kärhananyň özünde hem iri şahly mallary idetmek işi üstünlikli ýola goýlupdyr. Şeýle hem «Her günüň» wekilleri şahsy hojalyklardan hem süýt ýygnap, bir gije-gündizde 2,5 tonna çenli süýdi gaýtadan işläp bilýärler. Şeýlelikde, bişirilip gaplanylan süýt, gaýmak, goýaldylan gaýmak, gatyk, dorog, peýnir ýaly ýokary hilli önümleriň görnüşleri öndürilýär we halkymyza ýetirilýär. Önüm öndürmek üçin gerek bolan çig mal telekeçiniň özünde bar bolan iri şahly mallarynyň, şeýle-de şahsy hojalyklardan satyn alynýan sygyr süýdüniň hasabyna üpjün edilýär.

Telekeçilik işiniň netijeliligini bahalandyrmak

Telekeçilik çözgütlerini — mümkin bolan ähli görnüşleriň iň gowusyny saýlap almagy amatlylaşdyrmak hadysasyny amala aşyrmak arkaly ylmy taýdan esaslandyrylan görkezijileri ulanmak has möhümdir. Görkeziji umumy görnüşde — alamat bolup, onuň esasynda haýsydyr bir zady bahalandyrmak, kesgitlemek ýa-da synplaşdyrmak geçirilýär. Has dar manysynda görkeziji diňe bir alamat däl-de, eýsem, görnüşiň bahalandyrylmagy we saýlanyp amala aşyrylýan görkezijidir.

«Doganlar ýyldyzy»: Täze ýyla täze şokoladlar

Täze ýyl saçagy diýilse, ilkinji nobatda, süýjülik torty, dürli, owadan gaplara gaplanan süýjülikler göz öňüňe gelýär. Asyl, Täze ýyl baýramçylygy — süýjüligiň baýramy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Sebäbi bu baýramçylygy süýji-kökelersiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Täze ýyl saçagyny ýazanymyzda-da, ilki süýji önümleri äberýäris. Ýakyn adamlarymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlajak bolanymyzda-da, bezemen gaplarda satylýan süýjülikleri sowgat berýäris. Sowgatlyk üçin süýji önümlerini saýlanymyzda, «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň «Ak ýürek», «Janym», «Altyn dag» haryt nyşanly şokoladlary diňe bir datly tagamy bilen däl, eýsem, özüniň atlary bilen hem ýüregiňden çykýan süýji sözleri, arzuw-dilegleriňi ýakyn adamlaryňa ýetirmek üçin ýörite öndürilen ýaly. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedow tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy her ýyl Täze ýyl baýramçylygynda halkymyzyň agzyny täze süýji önümleri bilen süýjütmegi özüne adat edinipdir. Kärhanada ýokarda agzalanlardan başga-da, «Merw», «Bal top», «Alyber», «Babella» haryt nyşanly assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly we huruşsyz süýjüler alyjylara hödürlenilýär. Ýakynda «Türkmenistan» assorti hem-de plitka şokoladlaryny, şeýle hem «Altyn Dag» wanilla hem-de pyrtykal tagamly şokoladlaryny satuwa çykardy. Çagalar üçin ýör