Saçaklarda — lezzetli balyklar

31 Dekabr 2022
1143

Türkmeniň her bir baýramçylykda saçak bezeýşi üýtgeşik. Täze ýyl baýramçylygynda hem dürli tagamlardyr naz-nygmatlar bilen birlikde balyk we balykdan taýýarlanylan tagamlar saçaklarymyzy bezeýär.

«Lebapbalyk» hojalyk jemgyýetiniň balykçylary şu günler ilatyň balyga bolan islegini kanagatlandyrmak üçin tagalla baryny edýärler. Balykçy toparlaryň 167-si Lebap welaýatynyň çägindäki «Düýeboýun», «Soltandag» köllerinde we «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda balyk tutmak işlerini alyp barýarlar. Welaýatyň etraplarynda we Türkmenabat şäherindäki balyk dükanlarynda söwda gyzgalaňly dowam edýär. Her günde balyk dükanlaryndaky dürli görnüşli balyklaryň üsti ýene-de täzeleri bilen ýetirilip durulýar. Ilatyň köp isleg bildirýän balyklaryndan lakga, tüňňümaňlaý, ak amur, çapak ýaly balyklar Kerki etrabynyň çägindäki «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanynda ösdürilip ýetişdirilýär. Bu howdanda balyk ösdürip ýetişdirmek we balyk tutmak işlerini «Myradym» hususy kärhanasy amala aşyrýar. Dürli torlar we motorly gaýyklar bilen üpjün edilen balykçylar toparlarynyň her günki tutýan balyklary ýörite enjamlaşdyrylan awtoulaglaryň kömegi bilen dessine degişli ýerlere ugradylýar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).