Şirin-şeker nygmatlar

28 Dekabr 2022
1071

Paýtagtymyzyň şaýollarydyr köçelerinde we seýilgählerinde üýtgeşik bezelen Täze ýyl arçalary hemmämiziň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramçylygymyzyň has-da golaýlaýandygyny buşlaýar. Kalbymyzy şatlyga besleýän Täze ýyl baýramçylygyny ähli ildeşlerimiz bilen birlikde, telekeçiler hem ajaýyp toý sowgatlary bilen garşylaýar. Zähmet üstünlikleri bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan telekeçilerimiziň öndürýän önümleri mähriban halkymyzyň şatlygyny goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça edýän bimöçber tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan kän. «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy ýurdumyzyň kärhanalarynyň arasynda öňdebaryjylaryň biridir.

Häzirki döwürde şokolad önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän kärhana Belgiýanyň meşhurlyk gazanan kompaniýalarynyň usullaryndan we tehnologiýalaryndan işjeň peýdalanýar. Söhbetdeşimiz «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň direktory Maksat Öwezowyň aýtmagyna görä, kärhana Täze ýylyň öňüsyrasynda baýramçylyga bagyşlap, sowgatlyk gapda süýjülikleriň tutuş tapgyryny çykardy. Olaryň arasynda öýjükli süýtli şokoladlar, «Sowgat» we «Çempion» atly süýjülikler, Aýazbabanyň, Garpamygyň, şeýle hem ýetip gelýän 2023-nji ýylyň nyşany — towşanyň şokoladdan taýýarlanan şekiljikleri hem bar.

Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».