Täze ýyl sowgatlaryny aldyňyzmy?

28 Dekabr 2022
879

Almadyklaryňyz az-azdyr, meger. Çünki ýurdumyzda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk işleri bireýýäm başlanyp, bazarlarda, marketlerde, dükanlarda söwda şeýle bir gyzyşdy welin, olar baradaky şirin söhbetler has-da gyzyşýar. Şu günler iki adamyň başy birikse, bazarlardaky haryt bolçulygy, azyk önümleriniň bahalarynyň elýeterliligi barada gürrüň edilýändigi hakykat. Onda-da uly buýsanç bilen! Bu hakykata göz ýetirmek üçin, paýtagtymyzdaky «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezine, esasan-da, onuň daş ýüzünde guralan baýramçylyk söwda ýarmarkasyna aýlanyp görmegem ýeterlik. Bu ýere gelseň, ilki bilen, her söwda diwarlygynyň öňündäki Täze ýyl arçalaryna, Aýazbabadyr Garpamygyň, şeýle-de geljek ýylyň aňlatmasy bolan towşanjyklaryň şekillerine gözüň düşýär. Ullakan sandyklardyr sebetlerdäki, owadan gaplardyr haltajyklardaky Täze ýyl sowgatlarynyň, dürli sowgatlyk önümleriň hatary nazaryňy egleýär. Olaryň deňinden biparh geçmek mümkin däl. Söwda ýarmarkasyny öz milli önümlerimiz — «Hasar», «Ýunus», «Mekan», «Täze Aý», «Ak gar», «Bars», «Misgär» ýaly dürli haryt nyşanly süýjüliklerdir sowgatlyklaryň bezeýändigi bolsa has-da buýsançlydyr.

Täze ýyl sowgatlarynyň içinden körpeleriň ilki bilen gözleýäni ýumurtganyň şekilindäki içi oýnawaçly şokoladlardyr. Şokolad önümçiligi bilen adygan «Altyn Ýunus» hususy kärhanasy bolsa olaryň «Eggi» we «Bubu» diýlip atlandyrylan iki görnüşini öndürýär. Eýsem, hususy kärhana tarapyndan taýýarlanylýan Täze ýyl sowgatlarynda nähili süýjülikler barka?

Keýik UMAROWA. «Türkmenistan».
Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.