«Titi» — saçaklaryň bezegi

28 Dekabr 2022
835

Del haryt ýa-da üýtgeşik her bir söz adamyň ünsüni özüne çekýär. Muňa gowy düşünýän haryt öndürijiler önümlerini täsin atlar bilen atlandyrmaga çalyşýarlar. Şu nukdaýnazardan «Titi» haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň ady hem tüýs ýerine düşüpdir. Sebäbi oňa gözüň düşeninden, türkmen diline mahsus bolmadyk bu sözüň nähili manysynyň bardygy barada oýlanýarsyň. Hut şu gyzyklanma hem meni «Titi» haryt nyşanly alkogolsyz içgileri öndürýän hususy kärhananyň gapysyndan eltdi.

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bu hususy kärhana 2020-nji ýylda öz işine başlapdyr. Ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Muzaffar Baratow tarapyndan döredilipdir. Işini sazlaşykly guramagy başarýan ussat telekeçi kärhananyň önümçiligi barada şeýle gürrüň berdi:

Näzik JOMARTOWA,
welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.