«Alp» haryt nyşanly dokma önümleri we egin-eşikler

25 Dekabr 2022
825

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Hojageldi Annagurbanowyň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda dokma önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhananyň Ýaponiýa döwletiniň enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerde her aýda dokma önümleriniň müňlerçesini öndürmäge mümkinçilik berýär.

2017-nji ýylda işe girizilen kärhanada häzirki wagtda 60-dan gowrak işgär zähmet çekýär. Kärhanada önümçilik üçin ýerli we daşary ýurt çig maly ulanylýar. Bu ýerde öndürilýän dokma önümleri her möwsümde, pasla görä, dürli ýaşdaky adamlara niýetlenendir. Olaryň arasynda erkek adamlar we çagalar üçin niýetlenen başgaplar, köýnek, sport egin-eşikleri, dürli kärler üçin ýörite niýetlenen eşikler, zenanlar üçin torbalar bar. Bulardan başga-da, häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde kärhanada erkek adamlar, zenanlar, çagalar üçin niýetlenen possun, keltekçe, ýeňsiz ýaly gyşky egin-eşikleriň önümçiligi hem üstünlikli ýola goýuldy. Önümler «Alp» haryt nyşany bilen paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň söwda nokatlarynda elýeterli bahalardan müşderilere hödürlenýär. Kärhanada erkek adamlar üçin niýetlenen deriden aýakgaplaryň dürli görnüşleri hem öndürilip başlandy. Geljekde kärhana zenanlar we çagalar üçin hem aýakgaplary öndürmegi, dokma önümlerini öndürmek üçin gerek bolan ýüplügi, matany öndürmegi, dünýä bazarynda mynasyp orun tapmagy maksat edinýär.

Yhlas ABDYRAHMANOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby.