«Täç hil» HK hoşboý ysly zibil paketlerini öndürip başlady

25 Dekabr 2022
754

Ýakynda «Täç hil» HK ýurdumyzda ilkinji bolup zibil salmak üçin niýetlenilen polietilen paketleriň ýüpli görnüşiniň önümçiligine başlady. Üstesine-de zibiliň ysyny ýok etmek maksady bilen, polietilen gaplara limonyň, narpyzyň hoşboý ysyny goşdular. Polietilen paketleriniň önümçiligi müşderiniň buýurmalary esasynda islendik reňkde, galyňlykda, ölçeglerde alnyp barylýar. Şeýle-de zähmet ýolunda ilkinji bolmagy maksat edinen «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen torbalara surat çap edýän Türkiýe Respublikasynyň iň täze tehnologiýasyny ornaşdyrdy. Onuň esasynda kärhanada öndürilýän polietilen torbalara islendik suraty, ýazgyny dury, arassa görnüşde çap edip bolýar. Hatda täze ornaşdyrylan enjam has kiçi suratdyr hatlary has aýdyň çap etmäge ukyply. Bu bolsa kärhanada öndürilýän önümleriň müşderileriň arasynda has işjeň ulanylmagyna ýardam berýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Täç hil» hususy kärhanasy polietilen gaplaryň önümçiligine 2009-njy ýylda başlady. Bu günki günde içerki bazarda bu ugurda liderligini saklaýan kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2400 tonna barabardyr. Häzirki wagtda bu ýerde marketlere, dükanlara, senagat, iýmit, azyk önümlerine niýetlenilen, şeýle-de restoran, kafe, toý hyzmatlary üçin ýöriteleşdirilen tutawaçly we tutawaçsyz polietilen torbalar öndürilýär.

Medet ÖWEZOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.