Bereketli saçaklaryň bezegi

11 Ýanwar 2023
760

Berkarar Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini ýola goýmak, döwletiň we hususyýetçiligiň bilelikdäki kärhanalarynyň döredilmegi babatda amala aşyrylýan beýik işler üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysady we telekeçilik pudagynyň ösüşlerine uly goşant goşýan abraýly kärhanalaryň biri hem «Parahat» hususy kärhanasydyr. Ol 1993-nji ýyldan bäri ýokary hilli önümleri öndürip gelýär. Kärhana ýokary hilli miwe içgilerini, şokoladlary, süýt önümlerini, çaýlaryň dürli görnüşlerini, gazlandyrylan içgileri, çaga pýurelerini, ketçuplardyr beýleki iýmitlik önümleri öndürip, halkymyza elýeter bahadan hödürleýär. Kärhanada bu ugurda alnyp barylýan işler barada «Parahat» hususy kärhanasynyň ussat hünärmeni Selim Amandurdyýew ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň barha kuwwatlanmagy diýseň buýsandyryjydyr. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlar bilen bäsdeş önümleri öndürmek we halkymyzyň isleglerini kanagatlandyryp, gerekli harytlar bilen elýeter bahadan üpjün etmek biziň baş maksadymyzdyr. Kärhanamyz alyjylaryň islegini öwrenip, zerur bolan önümleri öndürmek üçin ähli tagallalary edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlarynda biziň önümlerimiz alyjylara hödürlenýär. Yhlasly zähmet çekmäge, okamaga, öwrenmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».