Gülleýän Diýaryň görkli binalary

14 Ýanwar 2023
965

Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda: «Biz geljekde ýurdumyzyň ilatynyň köpelýändigi, şäherleşme derejesiniň ösýändigi, senagat kärhanalaryny we zolaklaryny ösdürmegi maksat edinýändigimiz üçin hökmany ýagdaýda şähergurluşyk işini ösdürmegiň maksatnamasyny kabul etmelidiris... Şähergurluşyk taslamalaryny üstünlikli amala aşyryp, durmuş taýdan ýokary ösüşi üpjün ederis» diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny döretmek, adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrmak, mekdebe çenli ýaşly çagalar baglarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».