Täze bazar Täze ýylyň sowgady

28 Dekabr 2022
918

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde durky täzelenilen Merkezi daýhan bazarynyň ile hyzmat edip başlamagy ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Täze desganyň keşbinde ilki bilen Täze ýylyň gelendigini buşlaýan göwün göteriji bezeglerdir yşyklara, önümleriň bolçulygyna gözüň düşýär. Bu ýakymly görnüşler Täze ýylyň türkmen topragyna toý sowgatlarynyň hem ýeterlidigini buşlaýar.

Täze bazaryň açylyşy mynasybetli guralan dabaralar hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Il sylagly ýaşulularymyz we jemgyýetçilik wekilleri şäheriň ýaşaýjylaryny bu şanly waka bilen gutladylar. Gutlag sözleri bilen çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň zähmet adamlarynyň eşretli we bolelin durmuşda ýaşamaklary ugrunda amala aşyrýan işlerine alkyş sözlerini aýtdylar. Bazaryň durkuny täzelemek işlerini «Mizemez Watan» hususy kärhanasy ýerine ýetirdi. Bu kärhana welaýatymyzyň çägindäki gurluşyklara işjeň gatnaşýar. Gurluşygyň iş öndürijisi Nurgeldi Nurgeldiýew taslama boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin agzybirlikli zähmet çekilendigini aýdýar. Täze bazaryň tutýan umumy meýdany 3 gektara golaýdyr. Bu desganyň taslamasyny «Sagadat» hususy kärhanasy taýýarlady. Döwrebap bazaryň çäginde söwda dükanlarynyň 283-si guruldy. Dükanlardan başga hem jemi 880 satyjy-orunlyk uly bassyrmalaryň 4-siniň aşagynda ýörite söwda tekjelerinde azyklyk önümleriň söwdasy guralýar. Bir satyjy-orunlyk tekjeleriň hersiniň tutýan meýdany 2,5-3 metre barabar bolup, söwdanyň satyja we alyja deň derejede oňaýly guralmagy üçin zerur bolan şertler bilen üpjün edildi.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.