Ilatyň saçagynda «Her gün» täze önümler

19 Dekabr 2022
798

Önümçiligini Saýat etrabynyň Awçy geňeşliginde alyp barýan «Her gün» haryt nyşanly hususy önümçilik öz önümleri bilen juda meşhurdyr. Bu hususy kärhanada şu günler watandaşlarymyzyň Täze ýyl saçaklary üçin her gün süýt önümleriniň uly toplumy öndürilýär.

Bu hususy kärhananyň özünde hem iri şahly mallary idetmek işi üstünlikli ýola goýlupdyr. Şeýle hem «Her günüň» wekilleri şahsy hojalyklardan hem süýt ýygnap, bir gije-gündizde 2,5 tonna çenli süýdi gaýtadan işläp bilýärler. Şeýlelikde, bişirilip gaplanylan süýt, gaýmak, goýaldylan gaýmak, gatyk, dorog, peýnir ýaly ýokary hilli önümleriň görnüşleri öndürilýär we halkymyza ýetirilýär. Önüm öndürmek üçin gerek bolan çig mal telekeçiniň özünde bar bolan iri şahly mallarynyň, şeýle-de şahsy hojalyklardan satyn alynýan sygyr süýdüniň hasabyna üpjün edilýär.

Joşgun ABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.