"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Döwletlilik dergähimiz

Hemmämiziň berk ýadymyzdadyr, 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Milli Liderimiziň şol okuw sapagynyň aýratyn bir mowzugy döwletimiziň Bitaraplyk derejesi hakynda boldy. Daşary syýasatda umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy bolup dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 12-nji dekabr — «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.

Mertebeli menzilleriň sakasy (Ýaş žurnalistiň sözi)

Ruhyýeti kalby bilen utgaşyp, şahandazlygy, şahyranalygy süňňüne siňen halkymyzyň arasynda «göwün guşy ganatlandy», «başy gök diredi» ýaly söz düzümleri bar. Seneleri şanly wakalara bal bile ýag kimin gatyşyp giden bagta ýarlygyň, aýdyň geljege rowanalygyň ülkesi hasaplanýan mähriban Diýarymyzda bu ganatly jümleleriň jadysy ähli türkmen ojaklaryna seýil-seýranda. Säher bilen dogup gelýän Güneşi asuda, erkana ýüzüňe sylyp, ýetmeli menziliňe rowana bolmagyň özünde-de uly bagt bar. Asmanyň arassalygy, zeminiň goh-gowursyzlygy nämä degmeýär diýsene?! Akyldarlaryň biri: «Kalp nämeden doly bolsa, dodaklardan döküler gider» diýipdir. Bu gün eşretli zamananyň ýylysyny kalbyna kebşirlän halkymyzyň zybanynda asal sözler aýdym bolup ýaňlanýar. Mundan laýyk 26 ýyl ozal ojaklarymyzyň ody, öýlerimiziň ýagtysy bolup, dulumyza dolan Bitaraplyk bu gün parahat ýaşaýşymyzyň girewi bolup durka, neneň şeýle bolmasyn?! Şol günden soň durnukly ösüş ýoluna düşen ýurdumyz ýagşy habarlaryň ýaýylýan ülkesine öwrüldi. Baky Bitaraplygymyz we onuň taryhy kökleri, häzirki döwür we geljekki ösüşler, umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen berk baglanyşykly. Çünki, baky Bitaraplygymyzyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary durýar. Bu K

Parahatçylyk daragty

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany». «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly». Özara sazlaşykly bu şygarlar we şeýle şygarlar astynda geçip, ahyrlap barýan 2021-nji ýyl baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň sahypasynda täze taryhy döwri alamatlandyrýar. Muňa bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkarar edýän ýurdumyzyň öňe süren hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan goldaw tapan oňyn başlangyçlary, gözel Diýarymyzda ýokary derejede geçirilen birnäçe halkara forumlar aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýyl bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Halkara gatnaşyklarynda örän uly ähmiýete eýe bolan bu çözgüt tutuş ýylyň dowamynda ählumumy derejede asudalygy, ynanyşmagy we dostlugy pugtalandyrmaga ýardam etdi. Bu bolsa häzirki wagtda öz çözgüdine garaşýan global meseleleriň özara kabul ederlikli çözgüdini işläp taýýarlamak babatda dürli garaýyşlaryň we pikirleriň birligini gazanmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň nyşany hökmündäki ornuny has-da berkitdi.

Halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasy

9-njy dekabrda Halkara Bitaraplyk güni hem-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilýän halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan halkara wirtual serginiň tanyşdyrylyş dabarasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýeten beýik ösüşleri, gazanan üstünlikleri giňişleýin beýanyny tapdy. Bu ýerde ýurdumyzyň toplumlarynyň wekilleri çykyş edip, ýetilen belent sepgitler bilen tanyşdyrdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary çykyş edip, sport ulgamynda we ýaşlar syýasaty boýunça ýetilen sepgitleri giňişleýin beýan etdi.

Bagtymyzyň gözbaşy

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urup, dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn we durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry eziz Diýarymyzyň taryhynda onuň daşary syýasatynyň täze döwre gadam basan senesi hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senede BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyna beren ýokary bahasynyň we giň goldawynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi bolsa ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Munuň özi parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň şaýatnamasydyr.

Baky Bitarap Watan

Bu gün ilim bagtyýar, ajap bossanym Watan,Her günüň bir jennetdir, ömür seýranym Watan,Döwrüm gadyryn bilýär, işläp gurýanyň Watan,Sebit Merkezin gurduň, ak ýol çar ýanyň Watan,Waspyn edip kendimiň,                                         Hem bagtyýar günde men,Bitaraplyk ýörelgäň dünýäniň messanydyr. Ýagşylyklar ýarandyr, bagtyň dabarasy bu,Ýagtylyklar hemradyr, döwrüň hemaýaty bu,Ýurdumda halkyň Arkadagly zamanasy bu,Döwletli-döwran gelen ilimiň keramaty bu,Garaşsyzlyk ganaty,                                        Bitaraplyk halaty,Saglyk, sport gülleýär, döwrümiň dessanydyr.

Dünýä nusgalyk ýörelge

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan anyk ýörelgelere we aýdyň maksatlara esaslanýan, köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn häsiýete eýe bolan daşary syýasaty amala aşyrýar. Onuň esasynda oňyn Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri goýlandyr. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün edýän oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu günki gün döwletimiz türkmen halkyna mahsus bolan beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine we adam hukuklary baradaky ählumumy ykrar edilen kadalara daýanýan daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer çäreler bu ugurdaky halkara tejribäniň mazmunyny barha baýlaşdyrýar. Türkmenistan bu ugurda iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikle

Bitaraplyk –parahatçylygyň daýanjy

Türkmen halky Garaşsyzlyk döwründe milli döwletlilik syýasatynyň iň esasy gazananlarynyň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besleýär. Önümçilikde, ylymda, medeniýetde uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär. Türkmenistan bu gün dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durmuş-ykdysady ösüşlerde islendik meseläniň çözgüdini tapýan, halkara hyzmatdaşlygyň täzeçe ugurlaryny ýola goýmakda öňegidişlikleri gazanýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylykly ösüşe gönükdirilen paýhasly başlangyçlary ähli üstünliklerimiziň gözbaşydyr.

Şudur Bitaraplyk , eziz Watanym!

Dünýäýe owadan bakyp bilýänsiň,Hemem onuň nazaryna ilýänsiň.Ýagşylygyň ummanyna inýänsiň,Şudur Bitaraplyk,                        eziz Watanym! Güzeranyň bilen,                       öz günüň bilen,Pelleňde sülmürän sünbüliň bilen,Dost öňünden çykýaň ter gülüň bilen,Şudur Bitaraplyk,                      eziz Watanym!

Bitaraplygyň nurana ýoly

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün parahatçylyk söýüjilikli, BMG-niň dünýäde durnukly ösüşleri üpjün etmek boýunça tagallalaryna mynasyp goşant goşýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Bagty buşlan ak daňym

Binalarda parlanynda dost-doganlyk Baýdagymyz,Döwrümiziň aýdymynda, heňinde Bitarap Diýar.Eneleriň hüwdüsinde, atalaryň wesýetindeBilbiller buşlaýyp atan daňymda Bitarap Diýar. Watan, saňa yhlasymyz ýeňşe ýetirer her demde,Görkün alyp Aýdan, Günden, nur ýagyp dur oba-kende.Arkadagym sahawatyn ilimize bagş edende,Hoş owazly aýdymlaryň ýaňynda Bitarap Diýar.

Milli ýörelgelerimiz dünýä derejesinde

Turuwbaşdan halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerine eýerýän milli Liderimiziň baştutanlygynda diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde asudalygy, abadançylygy gazanmaga gönükdirilen beýik tutumly işler durmuşa geçirilýär. Muny diňe şu ýylyň dowamynda halkara derejesinde geçirilen medeni-ynsanperwer, syýasy, ykdysady çäreleriň birnäçesiniň mysalynda hem görmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýyllar ýyllardan zyýada gelýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem garşy alýan her bir günümiz täze ösüşlere beslenip, bizi ýeneki üstünliklere atarýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini düzýän Bitaraplyk taglymatymyz bu gün dünýä giňişliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Abadançylygyň we ösüşiň taglymy

Dünýä halklary bilen köpugurly hyzmatdaşlykda we özara bähbitli gatnaşyklarda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini ýol-ýörelge edinýän türkmen halky parahatçylykly ösüş ýoluny saýlap aldy. Bu ýol bolsa 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gözbaş alýar. Bu taryhy seneden bary-ýogy 20 ýyl töweregi wagt geçensoň, ýagny, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda 193 döwletiň biragyzdan makullamagy, şeýle hem BMG-ä agza ýurtlaryň 47-siniň awtordaşlyk etmegi netijesinde Baş Assambleýanyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ikinji gezek tassyklanylmagy dünýä bileleşiginiň döwletimiziň Bitaraplyk daşary syýasat ugruna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu gün türkmen Bitaraplygy hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ata Watanymyzyň we halkymyzyň beýik üstünligidir. Dünýäde abadançylygy, durnukly ösüşi we ygtybarly hyzmatdaşlygy berkitmekde onuň ägirt uly halkara ähmiýete eýedigini döwletimiziň ýokary derejä göterilen daşary syýasaty-da doly tassyklaýar.

Dünýäde ykrar tapýar milli ýolumyz

Ýurdumyzda agzybirligiň we abadançylygyň höküm sürýändigini, goňşy ýurtlar bilen araçägiň dostluk serhedine öwrülendigini bu gün dünýä bileleşigi ykrar edýär. Döwletimiziň bu günki syýasy we ruhy galkynyşynyň gözbaşynda bolsa halkymyzyň pähim-paýhasyndan, ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzdan syzylyp çykan oňyn Bitaraplyk syýasaty dur. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplygy onuň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we halkara giňişligindäki işjeňliginiň aňlatmasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň mejlislerinde ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar. Dünýäde ykrar edilen milli Lider hökmünde tanalýan Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň belent münberinde ýaňlanýan oňyn başlangyçlary diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň ýagty geljegini berkarar etmäge gönükdirilýändigi bilen dabaralanýar. Olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen we tutuş adamzat üçin iň wajyp hem-de möhüm bolan azyk howpsuzlygyny, durnukly ösüşi we gender deňligini gazanmak, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, howanyň üýtgemegi we ekologiýa bilen bagly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmak, ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürlen başlangyçlary görkezmek bolar. Türkmenistanyň Bitarap ýurt hökmünde goňşy ýurtlar bilen gerimini giňeldýän toplumlaýyn daşary syýasatyna we asylly, hoşmeýi

Hemişelik Bitaraplygyň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Ine, bu ýyl hem türkmen halky hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny şatlyk-şowhun bilen uludan toýlaýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly konsertlerdir söhbetdeşlikler geçirilýär. Şeýle dabaralaryň giň gerimde geçirilmegi özboluşly häsiýete eýedir. Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty barha artýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. 2015-nji ýylyň iýun aýynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasyna agza döwletleriň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýasy gaýtadan biragyzdan kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Şeýle mazmunly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.

Berkararlygyň baýramy

Ertir halkymyz ýene-de bir şanly senäni — dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uludan baýram eder. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň Kararnamasy esasynda indi her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip bellenilmegi ýurdumyzyň ösüşe tarap barha ilerleýän halkara syýasatynyň dabaralanmasydyr. Bagtyýar halkymyzyň bu şanly toýa belent ruhy galkynyş, uly joşgun bilen gelmeginiň özboluşly sebäbi bar. Çünki mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda badalga berlen düýpli özgertmeleriň syýasy aňlatmasydyr. Eziz Diýarymyzyň barha ýokary derejä eýe bolýan halkara abraýy we eýeleýän mynasyp orny biziň şeýle parahat ýurtda we abadan durmuşda ýaşaýandygymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň talyplary we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda aýdan çuň manyly jümlelerini bu gün — baýram gününde ýene-de bir gezek ýatlamak örän ýakymly. Milli Liderimiz şol taryhy çykyşynda baky Bitaraplygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada söz açyp: «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat

Parahatçylyk ýörelgesi

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirýän özygtyýarly döwlet hökmünde tanalýar. Türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgelere eýerip, iň kyn meseleleri hem çözendikleri şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda öz beýanyny tapypdyr. Taryhyň sahypalarynda halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik sypatlaryny dabaralandyrýan ýörelgelerine mysallar näçe diýseň bar. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan bir mysal getirýär: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaýyň taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran «Ähdi-peýman şertnamasy» diýip atlandyrylan şertnamany baglaşýarlar. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir». Alym Arkadagymyzyň eserinde belleýşi ýaly, bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär. Hut şu eserde Şükür bagşynyň öz doganyny sazyň güýji bilen ýesirlikden boşadyşy beýan edilýär. Bu hem türkmeniň para

Watany beýgeldýän syýasat

Bitaraplyk — bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly möhüm düşünjeleri öz mazmunynda jemleýär. Bitarap döwletimiz durnukly ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyksöýüjilik däpleriniň dabaralanýandygyny görmek bolýar. Döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynda dostluk we birek-birege hormat goýmak kadalaryna berk eýerýär. Şu gatnaşyklar ösdügisaýyn halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan daşary syýasy şertler hem has pugtalanýar. Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, Bitaraplyk uzak möhletli maksatlarymyzy amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Türkmenistan halkara derejesindäki möhüm meseleleriň çözülmegine ýardam berýän merkez hökmünde hem giň meşhurlyga eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen amala aşyrylýan işler tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilip, sebitde we dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklary ýylsaýyn giňelýär. Türkmenistan halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmekde hem giň mümkinçiliklere eýedir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat

Şanly baýrama bagyşlandy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň gurnamagynda «Kardiologiýanyň wajyp meseleleri» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetiň professor mugallymlary we ady agzalan ylmy-kliniki merkezli hassahananyň işgärleri, saglyk öýleriniň lukmanlary gatnaşdylar. Şanly Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatda ýürek-damar ulgamynyň wajyp meselelerine degişli dürli temalardan taýýarlanylan dokladlar bilen çykyşlar edildi. Maslahatda edilen çykyşlarda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek ýörelgesine salgylanmak bilen ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň geçiş aýratynlyklary, sebäpleri, ýüze çykyşy, şeýle hem bejergisinde ulanylýan dermanlar, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk otlaryň ýürek-damar ulgamynyň kesellerini bejermekdäki täsirleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Parahatçylygyň röwşen ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz ýylsaýyn ösýär hem özgerýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-si Türkmenistanyň durmuşynda taryhy sene bolup durýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň Türkmenistany hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine sarpa goýmagyň nyşanydyr.