Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Ine, bu ýyl hem türkmen halky hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny şatlyk-şowhun bilen uludan toýlaýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly konsertlerdir söhbetdeşlikler geçirilýär. Şeýle dabaralaryň giň gerimde geçirilmegi özboluşly häsiýete eýedir. Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki at-abraýy, şan-şöhraty barha artýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi. 2015-nji ýylyň iýun aýynda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasyna agza döwletleriň 193-si tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky Rezolýusiýasy gaýtadan biragyzdan kabul edildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda bolup geçen 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasy kabul edildi. Şeýle mazmunly Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň örän ýokarydygyny ýene-de bir gezek subut etdi.