Parahatçylyk ýörelgesi

10 Dekabr 2021
1310

Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň ägirt uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirýän özygtyýarly döwlet hökmünde tanalýar. Türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgelere eýerip, iň kyn meseleleri hem çözendikleri şöhratly taryhymyzyň sahypalarynda öz beýanyny tapypdyr. Taryhyň sahypalarynda halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik sypatlaryny dabaralandyrýan ýörelgelerine mysallar näçe diýseň bar. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan bir mysal getirýär: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaýyň taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran «Ähdi-peýman şertnamasy» diýip atlandyrylan şertnamany baglaşýarlar. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir». Alym Arkadagymyzyň eserinde belleýşi ýaly, bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär.

Hut şu eserde Şükür bagşynyň öz doganyny sazyň güýji bilen ýesirlikden boşadyşy beýan edilýär. Bu hem türkmeniň parahatçylyksöýüjilikli ýörelgeleriniň özboluşly dabaralanmasydyr.

Atajan ABDYŞÜKÜROW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.