Bitaraplygyň nurana ýoly

10 Dekabr 2021
1233

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün parahatçylyk söýüjilikli, BMG-niň dünýäde durnukly ösüşleri üpjün etmek boýunça tagallalaryna mynasyp goşant goşýan döwlet hökmünde dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly gurama bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Araz ARAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasy.