Dünýä nusgalyk ýörelge

10 Dekabr 2021
951

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan anyk ýörelgelere we aýdyň maksatlara esaslanýan, köptaraplaýyn hem-de toplumlaýyn häsiýete eýe bolan daşary syýasaty amala aşyrýar. Onuň esasynda oňyn Bitaraplygyň binýatlaýyn ýörelgeleri goýlandyr. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün edýän oňyn özgertmeleri amala aşyrmakda zerur bolan ähli mümkinçilikleri döredýär.

Bu günki gün döwletimiz türkmen halkyna mahsus bolan beýik ynsanperwerlik ýörelgelerine we adam hukuklary baradaky ählumumy ykrar edilen kadalara daýanýan daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ynsanperwer çäreler bu ugurdaky halkara tejribäniň mazmunyny barha baýlaşdyrýar. Türkmenistan bu ugurda iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Döwletimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini görkezýär.