Berkararlygyň baýramy

10 Dekabr 2021
1151

Ertir halkymyz ýene-de bir şanly senäni — dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uludan baýram eder. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň Kararnamasy esasynda indi her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip bellenilmegi ýurdumyzyň ösüşe tarap barha ilerleýän halkara syýasatynyň dabaralanmasydyr. Bagtyýar halkymyzyň bu şanly toýa belent ruhy galkynyş, uly joşgun bilen gelmeginiň özboluşly sebäbi bar. Çünki mähriban Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda badalga berlen düýpli özgertmeleriň syýasy aňlatmasydyr. Eziz Diýarymyzyň barha ýokary derejä eýe bolýan halkara abraýy we eýeleýän mynasyp orny biziň şeýle parahat ýurtda we abadan durmuşda ýaşaýandygymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň talyplary we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynda türkmen Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti dogrusynda aýdan çuň manyly jümlelerini bu gün — baýram gününde ýene-de bir gezek ýatlamak örän ýakymly. Milli Liderimiz şol taryhy çykyşynda baky Bitaraplygymyzyň beren ajaýyp miweleri barada söz açyp: «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur» diýip belläp geçdi. Ýurdumyzyň dünýäniň parahatçylygyny we umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan daşary syýasatynyň her bir ugrunda Bitaraplygymyzyň ýörelgelerini görmek bolýar. Ýurdumyzyň bu daşary syýasat ugry bilen başlanýan we üçünji müňýyllygyň geljekki ösüşleri barada söz açýan daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar.

Gaýrat RÄHMETGULYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.