Watany beýgeldýän syýasat

10 Dekabr 2021
1053

Bitaraplyk — bu parahatçylyk, asudalyk, ählumumy howpsuzlyk, dostlukly gatnaşyklar, ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly möhüm düşünjeleri öz mazmunynda jemleýär. Bitarap döwletimiz durnukly ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanyň Bitaraplygynda halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyksöýüjilik däpleriniň dabaralanýandygyny görmek bolýar. Döwletimiz halkara hyzmatdaşlygynda dostluk we birek-birege hormat goýmak kadalaryna berk eýerýär. Şu gatnaşyklar ösdügisaýyn halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan daşary syýasy şertler hem has pugtalanýar.

Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, Bitaraplyk uzak möhletli maksatlarymyzy amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Türkmenistan halkara derejesindäki möhüm meseleleriň çözülmegine ýardam berýän merkez hökmünde hem giň meşhurlyga eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen amala aşyrylýan işler tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilip, sebitde we dünýäde durnuklylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklary ýylsaýyn giňelýär. Türkmenistan halkara derejesindäki iri taslamalary durmuşa geçirmekde hem giň mümkinçiliklere eýedir. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň, uly senagat toplumlarynyň gurluşyklaryna işjeň gatnaşmaklary üçin hem giň mümkinçilikler açylýar.

Ereşgül ROZYKULYÝEWA,
Farap etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.