Döwletlilik dergähimiz

10 Dekabr 2021
1215

Hemmämiziň berk ýadymyzdadyr, 1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Milli Liderimiziň şol okuw sapagynyň aýratyn bir mowzugy döwletimiziň Bitaraplyk derejesi hakynda boldy.

Daşary syýasatda umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy bolup dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 12-nji dekabr — «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.

Aýlar MÄMMEDOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.