Parahatçylyk daragty

10 Dekabr 2021
1163

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany». «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly». Özara sazlaşykly bu şygarlar we şeýle şygarlar astynda geçip, ahyrlap barýan 2021-nji ýyl baky Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň sahypasynda täze taryhy döwri alamatlandyrýar. Muňa bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy berkarar edýän ýurdumyzyň öňe süren hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan goldaw tapan oňyn başlangyçlary, gözel Diýarymyzda ýokary derejede geçirilen birnäçe halkara forumlar aýdyň şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýyl bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Halkara gatnaşyklarynda örän uly ähmiýete eýe bolan bu çözgüt tutuş ýylyň dowamynda ählumumy derejede asudalygy, ynanyşmagy we dostlugy pugtalandyrmaga ýardam etdi. Bu bolsa häzirki wagtda öz çözgüdine garaşýan global meseleleriň özara kabul ederlikli çözgüdini işläp taýýarlamak babatda dürli garaýyşlaryň we pikirleriň birligini gazanmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we ösüşiň nyşany hökmündäki ornuny has-da berkitdi.

Perman ÝANABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.