Parahatçylygyň röwşen ýoly

10 Dekabr 2021
1043

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Eziz Diýarymyz ýylsaýyn ösýär hem özgerýär. Gahryman Arkadagymyzyň her bir tutumly işi halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilip, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, beýik özgertmeler ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.

1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-si Türkmenistanyň durmuşynda taryhy sene bolup durýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýany kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň Türkmenistany hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etmegi Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine sarpa goýmagyň nyşanydyr.

Maksatberdi GURBANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.