Bitaraplyk –parahatçylygyň daýanjy

10 Dekabr 2021
1019

Türkmen halky Garaşsyzlyk döwründe milli döwletlilik syýasatynyň iň esasy gazananlarynyň biri bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny uly dabaralara besleýär. Önümçilikde, ylymda, medeniýetde uly üstünlikler gazanylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär.

Türkmenistan bu gün dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durmuş-ykdysady ösüşlerde islendik meseläniň çözgüdini tapýan, halkara hyzmatdaşlygyň täzeçe ugurlaryny ýola goýmakda öňegidişlikleri gazanýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylykly ösüşe gönükdirilen paýhasly başlangyçlary ähli üstünliklerimiziň gözbaşydyr.